“Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy”
Hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyjyndan ugur alnyp, 1-30-njy sentýabr aralygynda ýurdumyzda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyga badalga berildi. Ynha Ýurdumyzda ýollaryň täze görnüşleriniň peýda bolmagy, halkymyzyň maddy hal-ýagdaýynyň gowulaşmagy netijesinde hususy ulaglaryň köpelýändigi göz öňünde tutulyp, ýol herketiniň kadalaryna berilýän üns has hem berkeýär.
Ýakynda Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde “Ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý edeliň” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärä Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymlary we bagtyýar talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Çärede Daşoguz şäher kazyýetiniň adminstratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy Enwer Bagtyýarow, Daşoguz welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy Ruslan Allabergenow, Daşoguz şäher Ýaşlar guramasynyň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni Jennet Gulmyradowa, Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy Sylap Atabaýew dagylar çykyş etdiler.
Çykyşlarda köçe-ýol hereketine diňe bir sürüjiler däl-de, eýsem pyýadalar hem gatnaşýarlar. Şeýle ýagdaýda her birimiz köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini bilmegimiz we gyşarnyksyz berjaý etmegimiz zerurdyr. Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň bu hadysalardan doly baş çykaryp bilmeklerini gazanmak üçin terbiýeçilik işleriniň yzygiderlikde geçirilip durulýandygy munuň aýdyň subutnamasydygy barada nygtap geçdiler.
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň
türkmen dili we edebiýaty mugallymy,
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi
Bossan Murzaýewa