GARAŞSYZLYK – ALNYMYZYŇ AK BAGTY

GARAŞSYZLYK – ALNYMYZYŇ AK BAGTY

Eziz Diýarymyza baş baýramymyz – beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramy ýetip gelýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýy “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylymyzyň her bir gününi toýdur baýrama, şatlyk-şowhuna, uly ruhubelentlige beslenýär.
Eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllygy döwrüniň her bir ýyly halkymyz üçin täze üstünliklere beslenýär. Geçen döwre ser salanymyzda, şu günki üstünlikleri gazanmak üçin sabyrsyz işleriň, maksatnamalaýyn wezipeleriň durmuşa geçirilendigine göz ýetirýäris. Ýurdumyzyň sebitlerinde hem-de paýtagtymyzda gurlup ulanylmaga berilýän dürli maksatly desgalar şanly toýuň baýramçylyk dabaralaryny has-da belende göterýär. Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde, aýratyn-da, Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwründe gurlup, il-günümiziň ygtyýaryna berlen oba-kentleriň, şäherçedir şäherleriň sany barha artýar.
Gahryman Arkadagymyzyň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynda: «Garaşsyzlyk diňe biziň özbaşdak döwletimiziň barlygyny däl, ozaly bilen, özbaşdak halk hökmünde biziň özümiziň barlygymyzy aňladýandyr. Garaşsyzlyk — barlygymyz. Garaşsyzlyk — bagtymyz» diýlip bellenilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli pudaklarynda oňyn özgerişlikler amala aşyrylyp, belent sepgitlere ýetilýär. Gazanylýan üstünlikler edermen türkmen halkyny has-da yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Bularyň ählisiniň sakasynda bolsa Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň irginsiz aladalary durýar.
Türkmenistan ýurdumyzyň mundan beýläk-de pajarlap ösmegi, halkymyzyň asuda, abadan durmuşda ýaşamagy babatda uly işleri alyp barýan Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri rowaç bolsun!

Aýnur Esenowa
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň talyby

Paýlaş


Beýleki täzelikler

Gyz edebi

18/02/2026

Gyz edebi

Halkymyz gyz çagasyny aýratyn mähir bilen gurşap alýar. Olary ähli taraplaýyn gorap saklaýar. Ene-ma...

WATAN MUKADDESLIGI

16/02/2026

WATAN MUKADDESLIGI

Biziň ähli barlygymyz, hanymanymyz «Watan» diýen sözde jemlenýär. Ynsan üçin dogup-dörän ýerinden — ...

Ders bäsleşigi

18/01/2026

Ders bäsleşigi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygyn...

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09