Bilimli nesiller — döwrüň guwanjy
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ösüşiniň, uzak möhletli döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylmagynyň möhüm şerti hökmünde milli bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bilim edaralarynyň işi milli ýörelgelere we öňdebaryjy dünýä tejribelerine laýyklykda barha kämilleşdirilýär.
Ata Watanymyzda häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda bilim ulgamynda baý tejribe toplanyldy. Iň täze kompýuterler, okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleriniň döwrebap binalary, çagalar baglary we çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezleri gurulýar. Halkara guramalar, dünýäniň esasy ylym-bilim merkezleri bilen ýokary derejeli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy, daşary ýurt dillerini okatmagyň kämilleşdirilmegi döwletimiziň bilim ulgamyny düýpli özgertmäge aýratyn üns berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy netijesinde, mekdepleriň okuw tertipnamasyna düýpli täzelikler girizildi. Şunuň bilen baglylykda, ykdysadyýetiň esaslary, Türkmenistanyň medeni mirasy, dünýä medeniýeti ýaly başga-da birnäçe dersler binýatlaýyn sapaklaryň hataryna goşuldy.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys» diýip belleýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamak, olaryň mümkinçiliklerini ösdürmek, bu ulgamda kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär. Mekdep mugallymlary, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, bilim ulgamynyň beýleki hünärmenleri daşary ýurtlaryň bilim ojaklarynda tejribe-okuw sapaklaryny geçýärler. Bilim işine dünýä ülňüleriniň ornaşdyrylmagy bilen baglylykda, ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy bilen ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy barha giňeldýär. Munuň özi Türkmenistanda ösüp gelýän nesilleriň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri, dünýä ylmyna çuňňur aralaşmaklary, zähmete höwesini artdyrmaklary babatda möhüm ähmiýetli başlangyçdyr.
Ýurdumyzda ýaş nesilleriň döwrebap ylym-bilim alyp, giň düşünjeli kämil ynsanlar bolup ýetişmekleri ugrunda taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!
Gerekgül BAÝRAMDURDYÝEWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň talyby.
Salgy : turkmengazet.com