Grammatik derňew nusgalary

Türkmen dilini grammatika taýdan derňemegiň esasy üç görnüşi mälimdir: fonetik derňew, morfologik derňew, sintaktik derňew.

Fonetik derňew sözleriň ses düzümini derňemekdir. Munda sözi emele getirýän sesler seljerilýär we olaryň çekimli ýa çekimsiz, inçelik-ýogynlyk, dodaklanmak-dodaklanmazlyk, açyklyk-dymykyk, uzyn-gysgalyk, giň-darlyk, sonorly-sonorsyz… ýaly häsiýetleri bellenýär.
Elek
E – çekimli, inçe çekimli, giň çekimli, dodaklanmaýan, gysga çekimli.
L – çekimsiz, açyk çekimsiz,sonorly.
E – çekimli, inçe çekimli, giň çekimli, dodaklanmaýan, gysga çekimli.
K – çekimsiz, dymyk çekimsiz.

Morfologik derňew sözleriň düzümini (asyl söz we ýasama söz, hillerini) sada söz, goşma söz, tirkeş söz, söz toparlaryny (haýsy söz toparyndandygyny), goşulmalary (söz ýasaýjy, forma ýasaýjy, söz üýtgediji) ýüze çykarýar.
Sapar – okuwçylaryň ökdesi.
Sapar – at, has at, sada söz, asyl söz.
Okuwçywlaryň – okuw -at, jyns at, asyl söz; -çy – goşulma, ýasaýjy goşulma; -lar – goşulma, köplük san goşulmasy, üýtgediji goşulma; -yň – goşulma, eýelik düşümiň goşulmasy, üýtgediji goşulma.

Sintaktik derňew sözlemiň aýdylyş äheňi boýunça hillerini (habar sözlemi, sorag sözlemi, ýüzlenme sözlemi), baş we aýyklaýjy agzalaryny (eýe, habar, aýyrgaç, doldurgyç), sözlemleriň gurluşyny (ýönekeý sözlem, goşma sözlem) derňeýär.

Ýygnak ýönekeý sözlem, eýerjeňli goşma sözlem, eýerjeňli goşma sözlemde baş sözlem, ýaýraň ýönekeý sözlem, doly we doly däl sözlemler, eýeli we eýesiz, eýesi näbelli sözlemler.
Düzmeli goşma sözlem, eýerjeň sözlem ýaly kategoriýalary, şeýle hem sintaksis bölüminde öwrenilýän sözlemiň deňdeş agzalary (deňdeş eýeler, deňdeş habarlar, deňdeş aýyrgyçlar, deňdeş doldurgyçlar), sözlem agzasy hasaplanmaýan sözler (ýüz tutma sözleri, jogap sözleri, giriş sözleri, ümlükler) kimin aýratynlyklary ýüze çykarýar
Eý, ýoldaşlar, bijin ýyly sowuk geläýse, odunyňyz üpjünmi?
Sorag-sözlemi, goşma sözlem, eýerjeňli goşma sözlem, doly däl sözlem (eger, howa, siziň ýaly sözler getirilmändir). Sözlemdäki baş sözlem eýeli, eýesi – odunyňyz, habary – üpjünmi?

Baş sözlemde odunyňyz sözi eýedir.
Eýerjeň sözlemde bijin sözi ýyly sözüne baglanyp, eýelik aýyrgyjy bolup gelýär. Ýöne şol söz gutarnykly formalaşmandyr (bijiniň ýyly).
Ýyly sözi eýerjeň sözlemiň eýesi, geläýse sözi eýerjeň sözlemiň (doly formalaşmadyk) habary.

Sowuk sözi bolsa howa (sözlemiň daşynda) baglanyp, sypat aýyryjy bolup gelýär.
Eý – sözlem agzasy hasaplanmaýan söz, ümlük.
Ýoldaşlar – ýüz tutma sözi.
Ýaz geldi, Gün çykdy, gülälekler, çopantelpekler, kömelekler meýdany bezedi.

Habar sözlemi, goşma sözlem, düzmeli goşma sözlem. Ýaz geldi, Gün çykdy sözlemleri ýygnak ýönekeý sözlemler. Eýe, habarlary bar. Eýesi – ýaz, Gün. Habarlary – geldi, çykdy.
Ikinji sözlem – ýaýraň ýönekeý sözlem. Bezedi – habar. Gülälekler, çopantelpekler Ýa kömelekler – (deňeş) – eýe. Meýdany sözi işlige (bezedi) baglanyp ýeňiş doldurgyjy bolup gelýär.

Şagözel ATAJANOWA
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň talyby

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji
jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09