Empatiýa

Bu beýleki bir adama düşünmekligiň we ony kabul etmekligiň mehanizmidir. “Empatiýa bir adamyň şahsyýetiniň beýleki adamyň şahsyýeti bilen deňleşip, onuň beýleki adamyň duýgularyna geçmegini aňladýar.” Empatiýada bir adamyň beýleki adamy “arassa görnüşde” kabul etmegi, tanamagydyr. Empatiýa beýleki bir adamy takyk kabul etmek “usulydyr”. Sebäbi oňa stereotip göz öňüne getirmeler we düşündirmeler gapdaldan oňaýsyz täsirlerini ýetirip bilmeyärler. Ynsanperwer aragatnaşykda bir adam beýleki adamy stereotipli däl-de, ýagny, hut şu pursatda zeryr we zerur däl häsiýetlere, gerekli we gerekli däl fuksiýalara bölmän bütewiligine kabul edýär. Şonuň üçin hem otluda ýolagçy bileniki sagat gepleşenimizden soň, biziň ony tanandygymyza, oňa düşünendigimize ynamly bolup bilyäris. Şol bir wagtyň özünde birnäçe ýylyň dowamynda günde diýen gabatlaşýan hojaýynyň kätibiniň nähili adandygyna düşünmeyäris, ýa-da örän erbet düşünyäris. Hiç hili maksat yzarlaman biri-birine düşünişmäge ymtylyp, biziň aç-açan gürleşen ýolagçymyz “bize ýüreginini açdy”, biz ony “duýduk”. Kätip bilen aragatnaşyk bolsa, käbir derejede albaýly häsiýetlidir. Şonuň üçin hem biz ony çäkli kabul edýäris.
Ynsanperwer aragatnaşygyň maglumat gecirmek tarapynyň aýratynlyklary hem taraplaryň özaragatnaşyklaryndan gelip çykýar. Ynsanperwer aragatnaşyk bu birek-birege ynançly aragatnaşykdyr. Ynanç bolsa maglumat geçirmegiň netijeli bolmagynda ähmiýetlidir. Ynsanperweraragatnaşykda ynandyrma, suggestiýa esasy täsir ediş mehanizmleri bolup durýar. Suggestiýa –mümkin bolan ähli mehanizmleriň içinde iň täsirlisidir. Ynandyrma ýönekeý bolman, ol ikitaraplaýyn ynandyrmadyr. Sebäbi aragatnaşyga gatnaşýanlar biri-birine ynanýarlar, şonuň üçin hem ynsanperwer aragatnaşykda maglumat alyşmagyň netijesi bir adamyň dal-de, ikisiniň hem bilelikäki pikirleriniň üýtgemegidir.
Eger-de ritual aragatnaşykda ýagdaý ýa-da hususy öz başdan gecirýän duýgularyň esasy obýekt bolup durýan, bolsa albaýly aragatnaşykda obýekt ýa işjeň, ýa-da işjeň däldir. Emma ynsanperwer aragatnaşykda täsir ediş obýekti, sözüň hakyky manysynda subýekti hakykatdan hem işjeňdir. Kaganyň belleýşine görä, aragatnasyk subýektiwleriň arasyndaky özaratäsirdir.Onda iki ýa-da ähli aragatnaşyga gatnaşýanlar dolandyryşyň, täsir edişiň, terbiýeleýşiň obýekti hökmünde däl-de, subýekti hökmünde çykyş etmelidirler. Diňe ynsanperwer aragatnaşyk Kaganyň kesgitlemesine gabat gelip hakyky aragatnaşyk bolup durýar. Şeýlelikde, islendik täsir bir tarapa gönükdirilen däldir. Sebäbi ol bilelikdäki üýtgemäni göz önunde tutýar.

Güljemal MÄMEDOWA
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň talyby

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji
jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09