GARAŞSYZLYK — BAGTY TÜRKMENIŇ
Gadymy hem müdimi türkmen ilinde toýlar toýa ulaşýar. Şu günler Diýarymyzda şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýy uludan tutulýar. Garaşsyzlygyň hözirini görüp ýaşaýan ildeşlerimiz mukaddes baýramçylygy mynasyp sowgatlar bilen garşylamak ugrunda joşgunly zähmet çekýär. Öz halkyna berkarar döwleti, bagtyýar zamanany bagş eden Gahryman Arkadagymyzyň ýoluny üstünlikli dowam edýän Arkadagly Serdarymyz ýurdumyzy dünýä ýüzünde asudalygyň we ösüşleriň mekany hökmünde ýene bir gez belende göterdi. Gysga döwrüň içinde amala aşyrylan beýik işler türkmen döwletiniň Garaşsyzlygyny alyp, hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolanyndan soň, saýlap alan ugruna ygrarlydygyny ýene bir gezek dünýä mälim etdi.
Ýurdumyzyň älem giňişligindäki at-abraýy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň gadyr-gymmatyna, mazmunyna has aýdyň düşünmäge, ondan gelip çykýan wezipeleriň iş ýüzünde netijeli amala aşyrylýandygyna göz ýetirmäge mümkinçilik berýän buýsandyryjy ýagdaýdyr. Garaşsyzlyk ýyllarynda bütin dünýäde parahatçylygy gorap saklamak, dünýä döwletleri bilen ylalaşykly ýaşaşmak, syýasy-ykdysady, sosial-medeni ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak türkmen döwletiniň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde orta çykdy. Ýurt Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde bu ugurda Türkmenistan görlüp-eşidilmedik derejelere eýe boldy. Diýarymyz diňe bir sebitde däl, eýsem, bütin dünýäde parahatçylyk, durnukly ösüş ugrunda tagalla edýän ýurt hökmünde uly abraýa eýe boldy.
Ýurt Garaşsyzlygymyz Türkmenistanyň syýasy taýdan kämil, ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrülmegine şert döretdi. Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan adyl içeri we dabaralanýan daşary syýasatynyň netijesinde Berkarar döwletimiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halk hojalygynyň ähli ulgamlarynda ägirt uly ýeňişlere eýe bolundy.
Güneşli Diýarymyzyň öz Garaşsyzlygyna eýe bolmagy bilen, bu topragyň bereketi, sahawaty has-da artdy. Iňňän gysga taryhy döwürde bütin ýurtda düýpli özgerişlikleri emele getiren tutumly işleriň başy başlandy.
Hormatly Prezidentimiziň Watany söýmek, garaşsyzlyga guwanmak baradaky taglymaty bu gün halkymyzyň eý görýän ýörelgeleriniň birine öwrüldi. Hawa, halk bilen Watan bir ten, bir jan bolanda, il-gün bir Başa uýanda bähbitler birleşýär, maksatlar myrat tapýar. Topragyň berekedi, hasylyň hümmeti artýar. Durmuş, ýaşaýyş süýjeýär, ömürler uzaýar, eller uzadan ýeriňe ýetýär. Agzybirlik, asudalyk, jebislik Watany özgerdýär, onuň abraýyny mertebesini belende göterýär, şanyna şan goşýar, şöhratyny artdyrýar. Biz ajaýyp Watanda – Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda ýaşaýarys, oňa guwanýarys we tüýs ýürekden buýsanýarys. Çünki biziň ajaýyp Watanymyzda bizi eşretli durmuşda ýaşadyp, ýeňişlerden-ýeňişlere, belentliklerden-belentliklere ýetiren Gahryman Arkadagymyz şeýle-de peder ýoluny mynasyp dowam etdiren Arkadagly Serdarymyz bar. Bu günki gün bize hormatly Prezidentimiziň ýörän ýoly ýörelge, nusgalyk işleri görelde, çuň manyly öwüt-ündewleri dillerimizde sena bolup ýaňlanýar. Bir söz bilen jemläp aýtsak ýüreklerde Arkadagly Serdarymyza alkyş joşýar.
Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Jennet ESENOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 2-nji ýyl talyby.
Salgy : https://tyy-news.gov.tm