Nesil terbiýesinde çeper eserleriň orny
Häzirki wagtda bilim-terbiýeçilik edaralarynda ýaş nesli terbiýelemegiň dürli ugurlaryndan peýdalanylýar. Biz – geljekki mugallymlar bular dogrusynda okuw sapaklarymyzda giňişleýin öwrenýäris. Olar pedagogik usullary we döwrüň talaby bilen sazlaşdyrlyp alnyp barylýar. Çaga terbiýelemekde şeýle usullaryň biri-de çagalary çeper eserler bilen tanyşdyrmakdyr.
Perzent terbiýesinde bu usul, bir tarapdan, çagalara berilýän terbiýäniň hil derejesini ýokarlandyrsa, ikinji bir tarapdan, olaryň bilim derejesini, ösdürýär, sowatlylygyny artdyrýar. Çeper eserler çagalaryň gözýetimini giňeldýär, adamkärçilik duýgularyny oýarýar, dogry pikirlenmegi terbiýeleýär. Eseriň gahrymanynyň şahsyýetiniň içki dünýäsine gyzyklanma döredýär. Şeýle-de çagalaryň sözleýiş endiklerini, pikirleniş işjeňligini güýçlendirýär, söz gorlaryny artdyryp, dil baýlygynyň kämil bolmagyna getirýär. Çeper eserler bilen çagalaryň tanyşdyrylmagy, mazmunynyň sada we düşnükli dilde gürrüň berilmegi çagalaryň gözellik we ahlak duýgularynyň, sözleýiş endikleriniň, ýatkeşliginiň pugtalanmagynda öz oňyn taraplaryny ýüze çykarýar.
Çagalaryň sözleýiş dilini ösdürmekde halk döredijiligi hem esasy çeşme bolup hyzmat edýär. Çagalaryň pikirlenmesini, sözleýiş endiklerini, duýgy-düşünjelerini terbiýelemäge ýardam berýär. Aýdymlaryň, läleleriň, tapmaçalaryň, ertekileriň, goşgularyň üsti bilen bolsa körpeleriň sözleýiş medeniýetiniň dogry kemala gelmegini, dogry ýola düşmegini gazanmak bolýar.
Çeper ýazylan edebi eserler çagalaryň gözýetimini giňeltmek bilen päk ýürekliligi, arassa pikirlenmegi terbiýeleýär we dil baýlygyny, sözleýiş endiklerini ösdürýär. Çeper eserleriň gyzykly edip okalyp berilmegi çagalaryň hemmetaraplaýyn ösmegine getirýär. Çeper eserler bilen tanyşdyrmagyň bolsa dürli tärleri bar. Muňa mysal hökmünde çeper eseri okap bermek, hekaýa etmek, ýat tutmak, labyzly okamak ýaly usullary bellemek bolar.
Bilim-terbiýeçilik ulgamynda geçilýän sapaklaryň has netijeli bolmagynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitaplarynyň orny bellärliklidir. Edebe eýlenen, sünnä we çeper ýazylan bu kämil eserler okatmagyň ähli ugurlarynda peýdalanylsa hem özüniň ýokary we zerur täsirini ýetirýär. Çünki kämilligiň aňrybaş nusgasy bolan bu ajaýyp eserler diňe bir ýaş nesliň terbiýelenmeginde esasy serişde bolman, ähli ömürler, ähli döwürler üçin-de terbiýeçilik mekdebidir.
Nurşat AŞYROWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 2-nji ýyl talyby.
Salgy : https://turkmengazet.com