SANLY BILIMIŇ GIŇ MÜMKINÇILIKLERI
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda bilim ulgamyny ýokary depginler bilen ösdürmäge, ony dünýä derejesinde dabaralandyrmaga uly üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýaşlaryň bilim derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, olaryň hünär taýdan kämilligini gazanmak ugrunda möhüm işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn kuwwatyny berkitmek, dünýä ylmynyň gazananlaryny — öňdebaryjy interaktiw-multimediýa we kompýuter tehnologiýalaryny bu ulgama giňden ornaşdyrmak, türkmen ýaşlarynyň dünýäniň abraýly bilim ojaklarynda okamagyny gazanmak, täze ýokary okuw mekdeplerini açmak, okuw meýilnamalaryna täze hünärleri girizmek, hünärmenleri taýýarlamak işine täzeçe usullary ornaşdyrmak ýaly işler bilim ulgamynyň ösüşine şaýatlyk edýär.
Bu döwletli işleriň ähmiýeti, gymmaty milli ykdysadyýetimizi ösdürmek, kabul edilýän milli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň zerurlygyndan gelip çykýar. Häzirki bilim ulgamynda geçirilýän özgertmeleriň netijesinde döredijilik hyjuwly, giň dünýägaraýyşly ýaşlaryň, häzirki zaman bilimlerini doly ele alan hünärmenleriň täze nesliniň kemala gelýändigini görmek bolýar.
Häzirki şertlerde islendik ýurduň ösüşi, ozaly bilen, ylym we bilim ulgamlarynyň ösüş derejesi bilen kesgitlenýär. Şunda jemgyýetiň intellektual mümkinçiliklerini doly peýdalanmak, ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny ornaşdyrmak degişli ugurda esasy ýagdaýlar bolup, ýokary tehnologiýalary, düýpli we amaly barlaglaryň netijelerini peýdalanmak bilen gös-göni baglydyr.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy halk hojalyk toplumyny sanly ulgama geçirmek işinde uly ähmiýete eýe bolup, ol maglumatly bilim gurşawyny döretmäge hem-de bilimi ösdürmegiň ähli tapgyrlarynda ony okatmagyň elektron serişdeleri bilen üpjün etmäge, jemgyýetiň intellektual kuwwatyny baýlaşdyrmaga, bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmaga we usullaryny kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Häzir ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy hem-de ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak üçin ähli şertler döredildi. Konsepsiýa laýyklykda, ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenleriň, professorlaryň we mugallymlaryň, şeýle hem talyplaryň gatnaşmagynda sanly bilimi ulgamlaýyn üpjün etmegiň maksatnamasy, ýörite portallar işlenip taýýarlanyldy. Sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde ýokary okuw mekdeplerinde özara tejribe alyşmak maksady bilen bellibir aralykdan sapak bermek, onlaýn wideosapaklar hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda wideomaslahatlar yzygiderli guralýar.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy milli we halkara ölçeglere, häzirki talaplara kybap gelýän ýokary hilli hyzmatlary almak üçin ähli mümkinçilikleri üpjün etmelidir. Şunda aýratyn üns çekmeli zatlaryň biri hem, internet hyzmatlarydyr. Bu gün internet hyzmatlarynyň dürli görnüşleri raýatlarymyzy goşmaça üznüksiz bilim almaga, islendik aralykdan bilim almak arkaly hünär ussatlygyny ýokarlandyrmaga, elektron kitaphanalardan peýdalanmaga höweslendirýär. Sanly bilim ulgamynyň ornaşdyrylmagy adam maýasyny artdyrmaga hem-de jemgyýetiň we Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine ykdysadyýete we beýleki ugurlara innowasion serişdeleri çekmäge mümkinçilik berer diýip, Arkadagly Serdarymyz aýratyn nygtaýar.
Ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek, döwrebaplaşdyrmak, ösdürmek hem-de ýaş nesil barada edýän bimöçber aladalary we taýsyz tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza çyn ýürekden sagbolsun aýdýarys!
Feruza ÝOLDAŞOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 2-nji ýyl talyby.
Salgy : https://tyy-news.gov.tm