GARAŞSYZ WATANYŇ GUWANJY — ÝAŞLAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyly içinde geçilen şöhratly ýola nazar aýlanyňda ýurdumyzyň häzirki wagta çenli gazanan üstünlikleri, beýik ösüşleri ýüregiňe buýsanç duýgularyny eçilýär. Şeýle okgunly öňegidişlikleriň bu günki gün Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda beýik işler bilen mynasyp dowam etdirilýändigi bolsa bagtyýar raýatlarymyzy döredijilikli zähmet çekmäge, agzybirlikde, jebislikde täze-täze zähmet üstünliklerini gazanmaga ruhlandyrýar.
Bilşimiz ýaly, ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda ýaşlar aýratyn orny eýeleýär. 2024-nji – «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň hem ýaşlar syýasatynyň täzeçe röwüşde dabaralanýan ýylydygyny buýsanç bilen aýdyp bileris. Gahryman Arkadagymyzyň ýaş nesiller bilen yzygiderli duşuşyp, olaryň geljekki ykbaly bilen gyzyklanmagy, arzuw-isleglerini diňläp, gymmatly öwüt-nesihatlaryny bermegi, ýaşlarymyzyň röwşen geljegine gönükdirilen möhüm çözgütleriň durmuşa geçirilmeginde taýsyz tagallalary edip, ajaýyp başlangyçlaryň amala aşyrylmagy üçin her bir işi maslahatly, geňeşli çözmegi indi ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi.
Berkarar döwletimiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda Diýarymyzyň abadanlaşdyrylan, ýokary hilli ýaşaýyş jaý toplumlary gurulýan, öňdebaryjy tehnologiýaly iri senagat toplumlary döredilýän obadyr şäherçelerini, etrap merkezlerini, şäherlerini synlanyňda ertelerimiziň nurana, geljegimiziň ýagty boljakdygyna ynamymyz has-da berkeýär. Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän giň gerimli özgertmeleri, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň sanlaşdyrylmagy döwletimiziň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün edip, halkymyzyň hal-ýagdaýyny düýpli ýokarlandyrýar.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan giň gerimli işler, durmuşa ornaşdyrylýan halk bähbitli Kararlar ýurdumyzyň ähli sebitlerini deň derejede, diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Durmuşa geçirilýän özgertmeleriň netijelerini synlanymyzda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň mähriban halkymyza we Garaşsyz Watanymyza bolan egsilmez söýgä ýugrulan taglymatdygyna doly göz ýetirýäris. Bu taglymatyň aýratyn hem ýaşlarda iň asylly häsiýetleri — watansöýüjiligi, ahlak arassalygyny, ruhubelentligi terbiýelemäge we bilesigeliji bolmaga çagyrýan taglymatdygy guwandyryjy hakykatdyr.
Hawa, eziz Watanymyzda ýaş nesiller we olaryň röwşen geljegi hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzyň ähli künjeginde we paýtagtymyz Aşgabat şäherinde ähli amatlyklar döredilen çagalar baglary, umumybilim berýän orta, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň döwrebap desgalary ýylyň-ýylyna yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýär. Okamak, bilim almak bilen bir hatarda, ýaşlara sagdyn durmuş ýörelgesini özleriniň hemişelik hemrasyna öwürmäge, sagdyn we ruhubelent bolmaga, sportuň islendik görnüşi bilen meşgullanmaga giň gerimli mümkinçilikler döredilýär. Bu ugurda häzirki zaman sport toplumlary, dynç alyş-sagaldyş merkezleri olaryň hyzmatynda. Bu günki gün Arkadagly Serdarymyzyň döredip berýän şeýle mümkinçiliklerinden peýdalanýan, eşretli zamandan ruhlanýan, döwrebap bilim alyp, ylymlar dünýäsine çuňňur aralaşýan türkmen ýaşlarynyň gadamlary batly, ruhlary belent, maksatlary aýdyň.
Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýylynda gazanylan ösüşleri häzirki wagtda ýaşlaryň gazanjak üstünliklerine badalga bolup hyzmat edýär. Muny ýaşlarymyz her ädimde duýup ýaşaýarlar. Eziz Watanymyzyň şöhratly geljeginiň ýaşlar bilen aýrylmaz baglanyşyklydygy hakyndaky düşünjeleriň özeninde hem çuňňur many-mazmun bardyr. Goý, halkymyzyň şeýle ajaýyp, bagtyýar zamanada ýaşamagy, ýaşlarymyzyň döwrebap ylym-bilim alyp, kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan belent maksatlary elmydama rowaçlyklara beslensin!

Mähriban ÝAZMÄMEDOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 2-nji ýyl talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji
jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09