Işjeňligiň döwrebap nusgasy
Berkarar Döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdymyzyň zenanlary döwlet durmuşynyň dürli ugurlarynda halal hem tutanýerli zähmet çekip, taryhy ösüşlere öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Munuň şeýle bolmagynda ýerlerdäki zenanlar guramalarynyň ýokary işjeňlik görkezýändikleri bellenilmäge mynasypdyr. Bu babatda Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň ilkinji zenanlar guramasynyň alyp barýan işleri hem ýokary guramaçylyk derejesine eýe bolup durýar. Guramanyň häzirki wagtda 946 agzasy bolup, olaryň 894-si talyp gyz-gelinler, 31-si zenan mugallymlar, 21-si zenan işgärlerdir.
Guramanyň ähli agzalarynyň ýokary medeniýetli, giň gözýetimli, arassa ahlakly, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden döredijilikli baş çykaryp bilýän bolmagy gazanylýar. Talyp gyz-gelinleriň arasynda milli ýörelgeleri, el işlerini, zähmet terbiýesini, sagdyn durmuşy ündemek, olary maşgala durmyşyna taýýarlamak, maşgala mukaddesligini wagyz etmek maksady bilen, terbiýeçilik ähmiýetli çäreler, duşuşyklar yzygiderli geçirilýär. Zenan mugallymlaryň, talyp gyz-gelinleriň döredijilik we medeni-köpçülik işlerinde işjeňligini artdyrmak, içki tertip-düzgünleri berjaý etmekligi gazanmak, agzybirligini pugtalandyrmak babatda hem derwaýys isler alnyp barylýar.
Mekdepde talyp gyz-gelinleriň ukyp-başarnyklaryny giňden açyp görkezmek, olaryň hünär endiklerini baýlaşdyrmak maksady bilen, “Hany bakaly, gyzlar!” gurnagy hereket edip, onda “Gyz edebi –il edebi”, “gyz edebinde ahlak terbiýesi” , “Türkmen milli tagamlaryny taýýarlamak”,”Magtymguly Pyragynyň goşgularynda gözelligiň waspy”, “ Mähriban käbämiz Ogulabat ejäniň bize nusgalyk goýup giden el işleriniň ýaşlarymyz üçin terbiýeçilik ähmiýeti” ýaly bäsleşikler geçirilýär.
Guramanyň agzalary diňe bir okuw jaýynda däl, eýsem, welaýat derejesinde geçirilýän dürli bäsleşiklerde hem üstünlikli çykyş edýärler. Welaýatymyzda hereket edýän üokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda geçirilýän “Eli çeper gözel gyzlar” bäsleşiginde talyp gyzlarymyz Gülnar Annaýewa, Risolat Sabirowa , Artykgül Meläýewa dagyndan düzülen toparymyz 2-nji orna mynasyp boldy. Şeýle-de Bütindünýä saglyk güni mynasybetli welaýatyň orta hünär okuw mekdepleriniň zenan mugallymlarynyň we talyplarynyň arasynda “Sport –sagdynlyk” ady bilen şaşka , küşt oýunlary boýunça geçirilen ýaryşda mekdebiň zenan mugallymlary Sona Kurbanowa , Jeren Muradowa, Jeren Sadyýewa , Gülüstan Annaýewa, Oguljemal Paşşykowa, Näzikjemal Gardaşowa, Göwher Kulyýewa dagy 1-nji orna mynasyp boldular. Şeýle köptaraply işler zenanlaryň ähli babatda işjeňliginiň artmagyna, talyp ýaşlaryň bolsa diňe bir bilim almak bilen çäklenmän, eýsem, hünär ussatlyklaryna eýe bolmaklaryna uly itergi berýär. Şolar ýaly-da, zenanlar guramamyzyň alyp barýan işleriniň netijeligini görkezýär.
Gözel ülkämiziň bagtyýar zenanlary hakdaky aladalara möhüm ähmiýet berýän türkmen halkynyň Millli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.
Miwe AGYŞOWA
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň
ilkinji Zenanlar guramasynyň başlygy.
"Daşoguz habarlary" gazeti 04.09.2024ý.