HALK MASLAHATY – ÖSÜŞLERE BADALGA

2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynyň  türkmen halky üçin taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazyljak seneleriň  biri boljakdygyna şu günlerde geçirilýän çäreler hem şaýatlyk edýär.  Tyllaýy güýz paslynyň bu gününde döwletimizde iri syýasy-jemgyýetçilik wakasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirilip, onda ählihalk ähmiýetli asylly maksatlara gönükdirilen wajyp meseleler halkyň wekilleri bilen bilelikde ara alnyp maslahatlaşylar,  il-ýurt bähbitli döwletli çözgütler kabul ediler.
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebi bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat geňeşiniň “Halk maslahaty – ösüşlere badalga” atly brifingi hem şu wajyp çärä bagyşlandy. Çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary - Türkmenistanyň Magtymguly  adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat geňeşiniň başlygy Maksat Otuzow  hem-de Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebimiziň mugallymy Ogulşat Durdymedowa gatnaşdylar.
 Alym Arkadagymyzyň eserleri ýaşlarymyzyň gurujy, dörediji adamlar bolup ýetişmekleriniň paýhas esaslary bolup çykyş edýär. Milli Liderimiz: «Il-halkymyzda ahlak garaýyşlaryň gözbaşy Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň esasynda düzülýär. Çünki şahyryň setirleri özünden soňky nesilleriň ahlak garaýyşlary babatdaky jebisligini kemala getirýär. Magtymguly Pyragy özünden öňki türkmen durmuşy, ykdysady we syýasy garaýyşlar babatdaky ähli bilimleri setirlerinde beýan etdi» diýip, ýaşlarymyza beýik dananyň paýhasyna eýermegi wesýet etmek bilen, olara uly ynam bildirýär. Bu beýik ynamy ödemek üçin ýaşlar dünýäni aňlamaga we özgertmäge esas döredýän ylma hem-de geljegiň ak ýoluny görkezýän paýhasa eýerip, öz döredijilik gujury bilen ýurdy ösdürmäge, ynsaply ýaşaýyş arkaly jemgyýeti ynsanperwerleşdirmäge girişmelidir. Şu hili adam pikirlenýän, oýlanýan, durmuşda haýyr işi bilen gowulyklary artdyrmagy içki ynanjyna öwren adamdyr. Şu nukdaýnazardan alanymyzda, ýaşaýyş ýörelgelerini kemala getirmek döwletiň hem, jemgyýetimiziň hem, diýmek, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem möhüm wezipeleriniň hatarynda durýar diýsek, hakykatdan daş düşmeris. 
Ine, şular dogrusynda Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat geňeşi bilen bilelikde geçiren “Halk maslahaty – ösüşlere badalga” atly brifinginiň dowamynda aýdylyp geçildi. Çuňňur mazmuna baý we täsirli geçen brifing 2024-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda (başlanan wagty:16-45) “Ýaşlyk” teleýaýlymynda teletomaşaçylaryň dykgatyna hödürlenildi. 

Maksuda Töräýewa, 
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji
jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09