GARAŞSYZLYK BAÝRAMYNA BAGYŞLANAN DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY

Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlan tutumly işlerini mynasyp dowam etdirýän  Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  baştutanlygynda ýurdumyzda toýlar toýlara, baýramlar baýramlara ulaşýar. Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebimizde hem toý-baýramlarymyz mynasyp derejede bellenilip geçilýär. Ine,  ýurdumyzyň Garaşsyzlyk toýunyň bellenilip geçilýän günlerinde hem talyp ýaşlarymyzyň işjeň gatnaşmagynda goşa-goşadan geçirilýän çäreleriň many-mazmuny-da muny aýdyňlygy bilen subut edýär. 
Mekdebimiziň okuwda we döredijilikde öňdebaryjy talyp ýaşlary bilen döredijilik duşuşygyny geçirmek üçin “Garaşsyzlyk - bagtymyz” atly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlige Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň merkezi kitaphanasynyň direktory, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Annatuwak Kakaewa, Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň halypa mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri   Gaýypnazar Nurnazarow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat geňeşiniň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Ýakup Atabaýew, Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy Güljan Kakaýewa  çagyryldy.  
Garaşsyzlygyň gadyr-gymmaty, döwletiň berkararlygy esasynda ýetilen sepgitler, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyz tarapyndan amala aşyrylýan bütinadamzat ähmiýetli il-ýurt bähbitli çäreler, ýaşlar üçin döredilýän mümkinçilikler hakynda myhmanlar bilen talyplaryň arasynda  şüýji söhbetler edildi. Şahyrlar Annatuwak Kakaewa, Güljan Kakaýewa  döreden täze şygylaryny okap berdiler. Garaşsyzlygyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, diňe bir okuwda däl-de, eýsem medeni-köpçülik, döredijilik, intellektual bäsleşiklere işeňňir gatnaşyp, welaýat, döwlet derejesinde ýeňiş gazanan bagtyýar talyp ýaşlarymyz hem  özleriniň ýürek buýsançlaryny hem-de Watan, agzybirlik, söýgi hakynda döreden goşgularyny döredijilik duşuşygyna gatnaşýanlar bilen paýlaşdylar.  Ýaşlaryň näzik duýgulara baý şygyrlary halypalar tarapyndan gyzgyn garşylandy.
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň halypa mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri   Gaýypnazar Nurnazarowyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat geňeşiniň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Ýakup Atabaýewiň çykyşlary hem talyp ýaşlary okuwda we döredijilikde üstünliklere ruhlandyrdy.
Halkymyzy döredijilik we ösüş ýoly bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwlet ähmiýetli işleri mundan beýläk-de rowaç bolsun!

Maksuda Töräýewa, 
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji
jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09