GARAŞSYZLYKDAN GALKYNAN ÝAŞLAR HUKUK MEDENIÝETINI KÄMILLEŞDIRÝÄRLER

Hukuk medeniýeti örän köpugurly toplumlaýyn düşünje bolup durýar. Bu düşünjäniň mazmunynda ýaşlaryň watançylyk we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine we kadalaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelenmegi, olaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilmegi, halkara ýaşlar hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi, şeýle hem döwletiň we jemgyýetiň durmuş-ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna ýaşlaryň doly hukukly gatnaşmagy zerur bolup durýar. Hukuk medeniýeti düşünjesiniň çygryna ýaşlaryň döredijilik işjeňligini gazanmak, olaryň ýokary hilli döwrebap bilim almak ýaly mümkinçiliklerem girýär. 
Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary we hormatly Prezidentimiziň beýik işleri netijesinde, bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmak we geljekki nesli okgunly ösýän jemgyýetiň talaplaryna laýyk ýetişdirmek maksady bilen innowasiýalar bilim işine işjeň ornaşdyrylýar. Innowasiýalary bilim işine ornaşdyrmagyň geriminiň giňelmegi mugallymlardan täze bilimleri we endikleri talap edýär. Ýurdumyzda bilim işgärleriniň hünär derejesi yzygiderli ýokarlandyrylýar. Geljekde çagalar baglarynda we  orta mekdepleriň başlangyç synplarynda  zähmet çekmeli talyp ýaşlaryň hukuk medeniýetini kämilleşdirmek we Garaşsyzlygyň datly miwelerini wagyz etmek maksady bilen, ýaňy-ýakynda Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde “Garaşsylygyň şuglasy” atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik guraldy. Söhbetdeşlige Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň halypa mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri   Gaýypnazar Nurnazarow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat geňeşiniň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Ýakup Atabaýew, Daşoguz welaýatynyň Adalat bölüminiň wekilleri Hojamät Hojamädow, Begnazar Öräýew, Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň iňlis dili  mugallymy Maksuda Töräýewa gatnaşdylar.
Talyp ýaşlar söhbetdeşligiň dowamynda özlerini gyzyklandyrýan sowallara jogaplary aldylar. 

Maksuda Töräýewa, 
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji
jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09