Ýekeje ulanyja niýetlenen sosial tor işläp başlady

Ýekeje ulanyja niýetlenen sosial tor işläp başlady

App Storede» diňe bir ulanyja niýetlenilen sosial tor — «SocialAI» peýda boldy. Ol «Facebook» kompaniýasynyň ozalky işgäri Maýkl Saýman tarapyndan döredilip, bu torda ulanyjynyň özünden başga hakyky adamlaryň ýokdugy, ýagny onda diňe emeli aň esasynda işleýän botlaryň bardygy bilen tapawutlanýar. 
Bu sosial torda ulanyjy postlary ýerleşdirip, dürli botlardan teswir we laýk alyp biler. Käbir taraplary bilen öňki «Twitteri» ýadyňa salýan täze sosial torda emeli aň bilen işleýän botlar edil adam häsiýetlerine mahsus görnüşde, degişme, ýaňsylaýjy, ruhlandyryjy we beýleki ençeme äheňli teswirleri galdyrýarlar. Onuň iň gowy tarapy-da ulanyjy özüni yzarlaýjylaryň toplumyny kesgitläp bilýär: munuň üçin «akyllylar», «muşdaklar» we ş.m 32 sany görnüş hödürlenilýär.

Ogulnäzik Mämedowa
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň talyby
"Biznes reklama" 23.09.2024ý.

Paýlaş


Beýleki täzelikler

Gyz edebi

18/02/2026

Gyz edebi

Halkymyz gyz çagasyny aýratyn mähir bilen gurşap alýar. Olary ähli taraplaýyn gorap saklaýar. Ene-ma...

WATAN MUKADDESLIGI

16/02/2026

WATAN MUKADDESLIGI

Biziň ähli barlygymyz, hanymanymyz «Watan» diýen sözde jemlenýär. Ynsan üçin dogup-dörän ýerinden — ...

Ders bäsleşigi

18/01/2026

Ders bäsleşigi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygyn...

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09