Ömürleriň we göwünleriň aýdymy
Garaşsyzlyk — türkmen ruhuny galkyndyryp, täze ykbal bagyş eýlän mukaddeslik, türkmen üçin ömrüniň aýdymyna deňelýän gymmatlyk, türkmeniň Watan içre Watany hasaplaýan barlygy, halkymyzy müdimilik juwan eýlän baýlyk, agzybirligiň nyşanydyr. Garaşsyzlyk — parahatsöýüjiligiň beýik nusgasy, pederlerden dowam bolan täze eýýamy türkmen ykbalyna ýazan ömrümiziň sowulmajak bahary!
Dünýäde parahatçylyk ýoly bilen gadam basmakdan, deňi-taýy bolmadyk gözellikleri döredip, onda öz bagtyňy şöhlelendirmekden, älemde beýik ynsanperwer ýörelgeler bilen tanalmakdan uly bagt barmy?! Ine, şol bagtyň agzybirlige ýugrulan sergin şemaly halkymyzy abadan ýaşaýşyň ruhuna gaplap aldy. Şeýlelikde, merdana pederlerimiziň jahany baglan şan-şöhraty bilen berkarar bolan ýurt Garaşsyzlygy — pederlerimiziň arzuwlan parahatçylygynyň durmuşa ornaşdyrylan subutnamasyna öwrüldi.
Bu gün türkmen halky her bir ynsanyň bagtly bolmagy, gijeleriniň rahat, gündizleriniň parahat bolmagy üçin alada edilýän beýik zamanada eşretli durmuşda ýaşaýar hem-de şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýuny zähmet üstünlikleri bilen garşylaýar. Garaşsyz Watanymyzyň ylymda-bilimde, medeniýetde, sungatda, saglygy goraýyşda, ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda, içeri we daşary syýasatynda uly üstünlikler gazanmagy döwletimiziň gün-günden artýan halkara abraýyny has ýokary göterýär. Ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeginde ýaş nesillerimiziň hem egsilmez paýy bar.
Täze döwrüň — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýaş nesilleriniň ýurdumyzyň öňegidişliklerine goşýan çirksiz goşantlary has-da dabaralanýar. Belentden-belent ösüşlere sary ýol alan eziz Diýarymyzyň ykdysadyýetiniň, senagatynyň her bir pudagynyň ösüşinde ýaşlaryň ornuny görmek bolýar. Ýaşlarymyzyň her biri Garaşsyzlyk toýuna özleriniň mynasyp zähmet ýeňişleri bilen barýarlar.
Sapargül AŞYROWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 2-nji ýyl talyby.
Salgy : https://turkmengazet.com