Külli türkmeniň nesihatçysy

Magtymguly Pyragy diňe bir türkmeniň milli şahyry bolman, eýsem, ol dünýä edebiýatyna ummasyz goşant goşan beýik akyldardyr. Akyldaryň döredijiligini dünýä edebiýatyndan, türki halklaryň gadymy edebi däplerinden üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl, çünki şahyr hemişe özünden öňki ägirtleriň döredijiligini içgin öwrenipdir we olaryň öňe sürýän ynsanperwer ýörelgelerini öz eserlerinde döredijilikli ulanyp, ölmez-ýitmez eserleri döredipdir.
Magtymguly Pyragynyň döredijiligi şygryýetiň almaz täjine eýe bolandyr. Türkmeniň ruhy sütüniniň öwüşgini Magtymguly Pyragynyň şygyrlary halkymyzyň kalbynyň owazydyr. Söz äleminiň zergäri akyldar şahyryň edebi mirasy, ýiti pähim-paýhasy, belent mertebesi, ruhy baýlygy, dil aýratynlygy, pikir ummany, tapylgysyz hazynadyr. Söz ussadynyň her bir setiri türkmeniň kalbynda ebedilik ornaşyp, asly nurdan bolan milletimize geljegiň aýdyň ýoluny salgy berýär.
Akyldar  şahyrymyzyň miras galdyran goşgularynyň, öwüt-nesihatlarynyň, edep-terbiýe hakyndaky pelsepeleriniň biziň üçin uly mekdep bolup durýandygyny Gahryman Arkadagymyz: «Magtymguly döwürdeşlerini, halky adalatly jemgyýetiň, bagtly ýaşaýşyň gözbaşynyň nämedigine düşünmäge, millet hökmünde özüni tanamaga ugrukdyrdy. Öz iliniň asuda, parahat durmuşda ýaşamagyny, ylymly-bilimli bolmagyny, medeniýetiniň beýgelmegini arzuwlan beýik şahyr halkyna pähim-parasatdan we şirin duýgulardan püre-pür bolan ajaýyp şygyrlar hazynasyny miras galdyrdy» diýip belläp geçýär.
Gahryman Arkadagymyz hem-de hormatly Prezidentimiz edebi mirasymyza, ýazyjy-şahyrlarymyzyň nusgalyk döredijiligine uly sarpa goýýar. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň uludan baýram edilmegi mynasybetli paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde — Köpetdagyň belentliklerinde Magtymguly Pyragynyň deňsiz-taýsyz heýkeliniň dikeldilmegi hem dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyna öwrülen akyldar şahyrymyzyň pelsepewi taglymatyna belent derejede ähmiýet berilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesilleri Magtymguly Pyragynyň şahsyýetine we şygryýetine hormat goýmak ruhunda terbiýelemekde akyldar şahyrymyzyň täze açylan ýadygärliginiň, «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň hem-de «Magtymguly» atly täze şygyrlar ýygyndysynyň örän uly ähmiýeti bardyr.

Tylla ÖRÄÝEWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniñ rus dili we edebiýaty mugallymy.

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji
jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09