DÖWREBAP BILIM ÖZGERTMELERI
Ata-babalarymyzyň «Ylymsyz bir ýaşar, ylymly — müň» diýen pähimi biziň şu günlerimize gelip ýeten bu parasatly nakyl häzirki döwrümizde has-da uly ähmiýete eýedir. Bu paýhasda ylym-bilimiň uly ösüşleriň ýoly bilen röwşen geljege alyp barýandygy baradaky umman ýaly hakykat bar. Çünki, adamzat durmuşynda gazanylan ähli üstünlikler we ýetilen belent sepgitler ylym-bilimiň miweleridir. Häzirki taryhy döwürde ýurdumyzy ösdürmegiň ylmy esaslandyrmalary, türkmen nusgasy esasynda täze mazmun bilen barha baýlaşdyrylýar. Bu wezipeleri durmuşa geçirmekde milli bilim we ylym ulgamynyň öňünde uly wezipeler jemlenýär. Mugallymlar we bilim işgärleri yhlasly, döredijilikli zähmet çekmek bilen, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly nesilleri terbiýelemekde, Watanymyzyň halkara abraýyny belende galdyrmakda mukaddes käriň abraýyny, şeýle-de ýurdumyzyň bilim kuwwatyny ýokarlandyrýarlar. Ata-babalarymyzyň geçmişde, taryhy köklerimizde beýik işler bilen dünýä ýüzünde öçmejek yzy galdyran bilimli, ylymly bolandygy aýdyň hakykatdyr.
Birnäçe beýik alymlaryň, akyldarlar we danalaryň, pelsepeçileriň türkmen topragynda çeken zähmeti, amala aşyran ähmiýetli işleri diňe bir türkmen halkynyň ruhy-medeni mirasy däl-de, eýsem tutuş adamzadyň ösüşine goşant bolup durýar. Beýik rus alymy Ý.E.Bertels Magtymguly Pyragynyň döredijiligini Jemşidiň Jamyna meňzedipdir. Akyldar şahyrymyzyň döredijiligi örän baý bolup, söz ussadynyň edebi mirasy, akyl-paýhasa ýugrulan eserleri, onuň ýaly şahsyýeti belent adamkärçiligiň, watançylygyň, salykatlylygyň nusgasy bolup, türkmen halkynyň arasynda müdimi ýaşap gelýär.
Şu ýylyň 25-nji maý güni ,,Umumybilim mkasatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy” kabul edildi. Resminama laýyklykda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň esasy ugurlary we wezipeleri kesgitlendi.
Döwrebap innowasion tehnologiýalaryň, okuw-terbiýeçilik işlerinde sanlylaşdyrlan bilim ulgamynyň kemala gelmegi uly mümkinçilik hasaplanýar. Bu mümkinçilikleriň çäginde, umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmäge degişli usulyýet toplumlary täzeçe öwüşginde innowasion çeşme bilen täze görnüşe eýe bolar.
Bu konsepsiýa boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň esasy ugurlarynda okuwçylaryň ýaş aýratynlyklaryna baglylykda kitap okamaga höwesiň döredilmegi, ýatdan hasaplamak endigini, ýatkeşligini, özbaşdak pikirleniş endigini ösdürmek göz öňünde tutulýar. Munuň özi esasy orta bilim derejesinde okaýanlaryň konstruktorçylyk ukybyny, öwrenijilik işjeňligini, özbaşdak pikirleniş endiklerini ösdürmekde ähmiýetli bolar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly kitabynda: “Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys” diýip belleýär. Bu bildirilýän ynamy ödemäge ukyply nesilleri taýýarlamak mugallymlaryň belent borjudyr.
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda kämil hünärmenler taýýarlanylýar. Bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler, gazanylýan üstünlikler ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine çykarýar. Bu bolsa ata Watanymyzyň geljeginiň has-da aýdyň we röwşen boljakdygynyň güwäsidir.
Şeker Arazberdiýewa
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiň mugallymy
,,Mugallymlar gazeti.” №70. 28.08.2024ý.