ZENAN ZEHININIŇ ZYNATY

 Gözbaşyny birnäçe müňýyllyklardan alyp gaýdýan gymmatly hem gaýtalanmaýan milli sungatymyzyň, medeni mirasymyzyň, milli gymmatlyklarymyzyň häzirki günlerimize gelip ýetmeginde türkmen zenanlarynyň paýy uludyr. Zenan maşgalany bezeýän asylly sypatlary, häsiýeti, edim-gylymy kemala getirýän gudrat el işleri hasaplanýar. El işlerini ökdelik bilen ýerine ýetirmegi başarýan zenan iň başarjaň we ukyply hasaplanýar. Türkmen zenany  özleriniň ýiti zehinini yhlas bilen nusgalyk el işlerinde galdyrmagy, döretmegi başarypdyrlar.  Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň nusgalyk el işleri çeper ellerinden dörän alajalar gyz-gelinler üçin gaýtalanmajak nusgalykdyr. Ol özüniň manyly ömrüni nesil terbiýesine, gelin-gyzlarymyzyň asyrlardan aşyp gelýän el hünäriniň ösdürilmegine, kämilleşdirilmegine bagyşlady. Onuň elinden çykan gyzyl kürte hem ýaş nesiller üçin nusgalykdyr. Gahryman Arkadagymyz «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda: «Mähriban käbämiň elleriniň ýylysyny, gaýratyny hyýalyma getirýän ýagdaý döreýär. Ejemiň ören alajasyny taýlara, atlara dakýan pursadymda bu şeýle bolýar» diýip belleýär. 
Türkmen halkynyň ynam etmek bilen yrymlara uýmagy ýöne ýerden däl bolsa gerek. Sebäbi ynançlar birnäçe ýörelgeleriň dowam etmegi üçin aýratyn ähmiýetli zatlardyr.  Türkmen gyz-gelinleriniň dür dökülýän ellerinden dörän ,,alajalar” hem gözden-dilden goramakda ähmiýetli hasaplanýar. Haýsydyr bir zat aýratyn hasaplansa ýa-da kiçi çagajyklarda gözüň eglense mähir siňip, ,,göz degmek” ýa-da ,,mähriň siňmegi” diýen ynam bar. Göze ilgiç, göze ýakyn zatlarda, ilki bilen gözüň eglener ýaly alaja dakmak bilen goralypdyr. Sebäbi alaja özüniň nepisligi bilen hemme gözellikden öň ilki göze ilgiç bolýar-da, göz näçe mähribanlyk bilen seretse-de, şonda eglenmeli bolýar.  Şeýlelikde, türkmen zenanynyň döreden alajasynda gudratly, ruhy güýç bar diýip ynam edilýär. Aýratyn mähir bilen synlap, hyrydar gözler bilen seredende, gözden çykýan mähirli nazaryň eglenmegi, seredýän zadyna siňýär we ynama görä, göz degmeýär diýilýär.  Häzirki döwrümizde gyz-gelinlerimiz alaja işmegi, onuň ulanylyşyny barha kämilleşdirip, dürli zatlar üçin niýetläp, görnüşlerini has-da baýlaşdyrýarlar. Diýmek, bary-ýogy iki ak-gara reňk bilen türkmen zenanynyň döreden alajasy bir tarapdan bezeg bilen tapawutlansa, ikinji bir tarapdan mähirli garaýyşyň eglenmeginden emele gelýän ýagdaýlardan goraýan gudratly, jadyly we özüne çekiji, syrly sungat eken.

Şeker Arazberdiýewa
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy 
,,Daşoguz habarlary” gazeti. №27.   04.07.2024ý. 

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji
jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09