Dabaraly maslahat
Ýakynda Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň bilelikde guramagynda “Türkmenistanyň Halk Maslahaty- geljekki ösüşleriň aýdyň ýolydyr” atly maslahat geçirildi. Maslahata Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymlary we bagtyýar talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Maslahatda telekeçiler partiýasynyň partiýa guramaçysy Döwran Atabaýew, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň hünärmeni Jennet Gulmyradowa Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymlary Maýsagözel Amangeldiýewa, Ogulşat Durdymedowa, Gaýypnazar Nurnazarow, Güljemal Omarowa, Saparbaý Jumaýew dagylar çykyş etdiler.
Çykyşlarda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi “Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň möhüm taryhy ähmiýete eýe bolandygyny, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu döwletlilik ýörelgelerimiziň has-da rowaçlanýandygyny barada nygtap geçdiler.
Bossan Murzaýewa
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň
türkmen dili we edebiýaty mugallymy