Pedagogik talaplaryň orny

Mugallymlaryň hünär ussatlyga ýetmeginde pedagogik talaplaryň orny örän ulydyr. Jemgyýetde her bir hünärli adama goýylýan talap biri-birinden tapawutlanýar. Mugallyma uly we ýaş nesliň geňeşçisine bolan talap has ýokary we jogapkärlidir.
Guramaçylyk ukybyny ösdürmek talaby. Mugallymdan,terbiýeçiden ýakyn hossar, paýhasly ýolbaşçy, ýürekdeş geňeşçi, syrdaş hökmünde adamlara-çagalar we ýetginjeklere kömek bermegi olaryň işini gönükdirmegi talap edýär. Guramaçylyk ukyby diýende “Müň işçiden bir başçy” diýen nakylyň manysy bilen kybapdaş gelýär.Çaga,ýetginjek köp işlerde nämeden başlamalydygyny bilmän,kynçylyk çekýär. Öz ýoldaşlarynyň gowy we ýetmezçilik taraplaryna baha bermekde-de säwliklere ýol berýär. Şonuň üçin çaganyň öz tekliplerini,isleglerini,arzuwlaryny çekinmän ýüze çykaryp bilmegine kömek bermegi guramaçylyk ukyby bilen baglanyşyklydyr.
Düzgün-nyzamlylyk talaby. Bu ähli işde bolşy ýaly,okuw-terbiýeçilik işiniň netijeli bolmagynyň,mugallymyň we okuwçynyň mekdebiň içki tertip-
-düzgünine tabynlygyny, ony ýerine ýetirmegini göz öňünde tutýar.Ýan Amos Komenskiniň belleýşi ýaly, “Tertipsiz mekdep-suwsuz degirmen ýalydyr”. Diýmek,tertip-düzgüniň, sapaklaryň, arakesmeleriň, öňden bellenilen terbiýeçilik işiniň wagtynda başlanmagyny,mugallymyň okuwça okuwçynyň mugallyma garaşmazlygyny, söz bilen işiň deň gelmegini gazanmagy,ýola goýmagy aňladýar.Düzgün-nyzamlylyk mugallyma mahsus talaplaryň biri bolup,ol mugallymyň terbiýelenmek derejesini häsiýetlendirýär.
Şadyýanlyk, şähdaçyklyk talaby. Mugallymyň joşgunly, ruhubelent, şadyýan, güler ýüzli, mähirli ýagdaýda sapaga girmegi, okuwçylary bilen saglyk–amanlyk soraşmagy, kä halatlarda degişmegi hem ýerlikli ulanylanda, mugallym bilen okuwçynyň arasyndaky gapma-garşylyklary, okuwçylaryň bilýän zadyny aýtmaga, bilmedigini soramaga gorkup ýörmek duýgusyny aradan aýyrýar. Köplenç mugallymlaryň “okuwçylara gülüp baksaň bolmaz, ýüzüňden gar ýagyp dursa, saňa gulak asýarlar” diýýänlerine-de gabat gelmek bolýar.Emma agraslyk, sowuk ganlylyk bilen okuwçylaryň sussuny basmak, okuw we terbiýeçilik işinde hemişe göwnejaý netije bermeýär. Aýry-aýry okuwçylar bilmedigini, düşünmedik soragyny sorap öwrenmäge maslahat soramaga-da çekinýärler. Mugallym bolsa okuwçylaryň soragy bolmasa,sapak düşnükli bolandyr diýen netijä gelýär,ol ýalňyşýar. Kem-kemden okuwçylar sorag bermäge, hatda el galdyryp jogap bermäge-de synanyşmaýarlar, olaryň işjeňligi peselýär.

Gözel ÇOWDUROWA
Beki Seýtäkow adyndaky
Mugallymçylyk mekdebiniň talyby

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji
jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09