Matematika ylmynyň ösüş taryhy ýa-da matematika adalgasyna akyl ýetirmek
Matematika daş-töweregimizi gurşap alan dünýäniň mukdar gatnaşyklaryny we giňişlik formalaryny öwrenýär. Ine, bu bolsa matematikanyň predmetidir. Matematikanyň abstraktlygy onuň material hakykatdan üzňeligini aňlatmaýar. Tehnikanyň we tebigy bilimleriň talaby bilen aýrylmaz baglanşykda matematikanyň öwrenýän mukdar gatnaşyklarynyň we giňişlik formalarynyň gerimi üznüksiz giňeýär. Şeýlelikde, ýokarda getirlen matematikanyň kesgitlemesi has baý mazmun bilen doldurylýar.
„Matematika― adalgasy grekleriň mathema sözünden gelip çykmak bilen ―ylym―, „bilim―, „akyl ýetirmek― diýmegi aňladýar. Bu adalga türkmen diline rus dilinden, rus diline polýak dilinden, polýak diline latyn dilinden, latyn diline bolsa grek dilinden geçipdir.
Matematikanyň taryhy matematikanyň ösüşiniň obýektiw kanunlary baradaky ylymdyr. Şuňa degişlilikde matematikanyň taryhynyň öňünde örän köp meseleleri çözmek goýulyar. Ol meseleleri sanap geçmäge mümkinçilik azdyr, oňa zerurlyk hem ýok. Biz olary sanap geçmek bilen çäklenmän taryhy-matematiki derňewleriň ugurlaryna jemleýji häsiýetde häsýetnamalar bereliň.
1. Käbir halklarda kesgitli taryhy döwürde matematikanyň ösüşiniň häsiyetleri we ayratynlyklary, geçmişdäki matematikleriň, ilkinji nobatda hem ildeş matematiklerimiziň matematika ylmyna goşantlary yüze çykarylýar.
2. Taryhy-matematiki işlerde matematikanyň köp dürli baglanşyklary açylyp görkezilyär.Olardan matematikanyň adamlaryň praktiki zerurlygyna we işine, beyleki ylymlaryň ösüşleri bilen baglanşyklary, jemgyýetiň ykdysady we sosial gurluşynyň ýagdaýy düşündirilýär.
Matematikanyń ösüş taryhynda birnäçe häsiýetli ayratynlyklary bolan biri-birinden tapawutlanýan aýry-aýry döwürleri görkezmek bolýar. Matematikanyń ösüşine degişli taryhy faktlaryń barlygyna garamazdan öwrenmegi ýeńilleşdirmek üçin matematikanyń ösüş taryhyny döwürlere bölmek zerurdyr. Matematikanyń tary-
hyny döwürlere bölmek ýurtlar, sosial-ykdysady formasiýalar, meşhur açyslar we ş.m. boýunça geçirmäge synanşyklar edildi. Döwürlere bölmek baradaky jedeller dowam edýär. Beýik rus alymy, akademik A. N. Kolmogorow (Маtematika, USE, t. 26) matematikanyń ösüş taryhyny şertli dört sany döwre bölmegi teklip etdi:
1. Matematikanyń döreýiş döwri. Bu döwür biziń eramyzdan öń VI-V asyrlara çenli dowam edýär, ýagny matematika öz predmeti we usullary bolan özbaşdak ylym hökmünde kemala gelýänçä wagty öz içine alýar. Bu döwrüń başlanyşy ilkidurmuş adamlaryń taryhyna sińip gidýär. Bu döwre heniz bölünmedik umumy ylmyń çäginde bar bolan matematiki faktlary toplamak mahsusdyr. Taryhdan belli bolşy ýaly, gadym döwürlerde adamlar gowaklarda ýaşamak bilen haýwanlardan az tapawutlanypdyrlar. Olar üýşüp tapan ýerlerinden iýmit gözläpdirler, aw awlamak, iýmiş-miwe çöplemek bilen gün-güzeranlaryny dolandyrypdyrlar. Adamlar aw awlamak, balykçylyk üçin ýaraglar taýýarlapdyrlar, biri-birine ýüzlenmek üçin dil işläpdirler. Şu işler zatlary sanamak zerurlygyny ýüze çykarypdyr: adamlar çöplän miweleriniň, awlan haýwanlarynyň mukdaryny bilmeli bolupdyrlar.
Ilki başda adamlar zatlary barmaklarynyň, daşjagazlaryň, taýajyklaryň kömegi bilen sanapdyrlar. Dänäniň mukdaryny, ýolyň uzynlygyny ölçemek we ş.m., ýönekeý drob sanlary atlandyrmaga we belgilemäge, droblar üstünde arifmetiki amallary ýerine ýetirmäge getiripdir. Şeýlelikde gadymy matematiki ylymyň- arifmetikanyň maglumatlary ýygnalypdyr. Meýdanlary we göwrümleri ölçemek, gurluşyk etmegiň, has soňlar–astronomiýanyň talaplary geometriýanyň şineleriniň döremegine getirip-dir. Has hem arifmetiki we geometriki bilimler gadymy Müsürde we Wawilionda ösüpdir.
2.Hemişelik ululyklar (elementar) matematikasy döwri biziń eramyzdan öń VI-V asyrdan başlap biziń eramyzyń XVII asyry öz içine alýan döwre çenli dowam edýär. By döwürde hemişelik ululyklary öwrenmekde üstünlikler gazanyldy. Matematika-nyń öwrenýän obýektiniň prosesler, hereketler we analitiki geometriýa bolmagy, tüke-niksiz kiçi ululyklaryň derňewiniň ösüp başlamagy bilen bu döwür gutarýar.
Elementar matematika düşünjesi jedelli bolup häzirki döwürde onuň umumy ykrar edilen kesgitlemesi bolmasa-da, wagt boyunça şeýle döwrüň bölünip görkezil-megi ýerliklidir.
Orta asyrlarda (VIII-XII asyrlar) Merkezi Aziýada ylym belent derejä ýetip, häzirki Türkmenistanyň ÿerleşýän ýeri dünýä medeniýtiniň ojaklarynyň biri bolup- dyr. Köp taryhy çeşmelerde ol ýerde işlän ildeşlerimiziň ýazan ylmy işlerine arap matematikleriniň işleri diýlip atlandyrylýar. Arap dili bolsa döwlet dili hökmünde resminamalary, dini kitaplary, ylmy traktatlary we çeper-şygyr eserlerini ýazmakda giňden peýdalanylypdyr, ýaşap geçen alymlaryň ählisi işlerini döwlet dili bolan arap dilinde ýazsalarda işler dürli halklara degişlidir.
Orta asyr Gündogar alymlary matematikany, esasan hem algebranyň we trigo-nometriýanyň ösmegine uly goşant goşdylar.
XII – XV asyrlarda Ýakyn we orta Gündogar ýurtlarda alymlar, matematikler bilimini gadymy grekleriň we hindileriň eserlerinden alypdyrlar. Esasanam şol döwürde Ýewklidiň kitaby giňden ýaýrapdyr, onlarça gezek terjime edilipdir.
3. Üýtgeýän ululyklar matematikasynyň döwri. Bu döwrüň başlanmasy R. Dekartyň analitik geometriýa üýtgeýän ululuklary girizilmegi we I. Nýutonyň, G.W. Leýbnisiň işlerinde differensial we integral hasaplamalaryň döredilmegi bilen häsiýetlendirilýär. I.Nýuton we G.W. Leýbnis ilkinji gezek umumy görnüşde täze operasion hasapla-malar üçin esasy funksiýalary differensirlemäge we integrirlemäge seredipdirler , bu operasiýalaryň arasyndaky baglanşygy görkezipdirler (ýagny Nýuton–Leýbnis for-mulasy) we olar üçin umumy birmeňzeş algoritm işläpdirler.
Bu döwür XIX asyryň ortalarynda tamamlanýar.
4. Häzirki zaman matematikasynyň döwri. Matematikada häzirki zaman düşünjesi hemişe garyşdyrylýar. Üýtgeýän ululuklar matematikasynyň we häzirki zaman matematikasynyň döwürleriniň arasynda birnäçe täze döwürleri bölünip görkezilse dogry boljaklygy barada alymlaryň arasynda dürli pikirler bar. Emma bu iş taryhy-matematiki işlerde henize çenli edilmedi. XIX we XX asyrlarda matematiki usullar bilen gurşalyp alynan giňişlik formalarynyň we hil gatnaşyklarynyň möçberi çakdan aşa giňeldi. Köp täze matematiki nazaryýetler ýüze çykdy, matematikanyň peýdalanylyşy görlüp eşidilmedik ýagdaýda giňedi.
Matematikanyň özüniň ösmegi, ylmyň dürli ugurlarynyň ―matematikalaş-magy‖, matematiki usullaryň gündelik iş durmyşymyza ornaşmagy, hasaplaýyş tehnikasynyň örän çalt depginde ösmegi matematikanyň öz bölümleriniň kämil-leşmegine we birnäçe täze matematiki ugurlaryň açylmagyna getirdi. Olara mysal hökmünde diskret matematikany, optimal dolandyryşy, differensial oýunlary we ş.m. getirmek bolar.
Çemen Nurmämedowa,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniñ 2-nji ýyl talyby.
Salgy : https://newsashgabat.com