Magtyguly Pyragy – Türkmen tebigatynyň ajaýyp waspçysy
Mälim bolşy ýaly öz döwrüniň iň kämil sowatly adamy bolan Döwletmämmet Azadynyň maşgalasynda dünýä inen Magtymguly Pyragy ylym öwrenmek babatda öz atasynyň ýörelgesini mynasyp dowam etdirýär. Şol döwrüň iň meşhur okuw jaýlary hasaplanylýan idris baba, Gögeldaş, Şirgazy medereselerinde okap, ylmyň köp ugurlaryndan ders alýar. Şeýle bolansoň, beýik akyldaryň döredijiliginde durmuşyň köp ugurlaryna degişli, öz döwrüne mahsus gymmatly maglumatlara duşmak mümkin.
Mälim bolşy ýaly, güller şu dünýäni hem-de jenneti bezemek, ýakymly ysdan doldurmak üçin ýaradylan ösümlik. Güller gözelligiň nusgasy hasaplanýar. Şeýle bolansoň, ähli gözel zatlar güle meňzedilýär. Gülleriň ajaýyp dünýäsi Magtymgulynyň döredijiliginde hem giňden şöhlelenýär.
Güller iki babatda adamlara lezzet paýlaýarlar. Birinji topar güller özüniň owadanlygy bilen gözellik döretseler, ikinji topar güller töwrege ýaýradýan ýakymly yslary bilen tapawutlanypdyr. Gülleriň köpüsi bu ýakymly täsirleriň ikisini hem özünde jemläpdirler.
Magtymgulynyň goşgularynda iň köp duşýan gül ady lälledir. “Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde “Läle” sözüne “Gyzyl reňkli gül” diýlip düşündiriş berilýär. “Läle” sözi gül ady hökmünde türkmen dilinde işjeň ulanylýan hem bolsa, onuň anyk haýsy gülüň adydygy dogrusyndaky garaýyşlarda çaprazlyklar bar. Käbirleri läläni çigildemiň ikinji bir ady hasaplasa, käbirleri ony ýurdumyzyň günorta sebitlerinde köpçülikleýin gögerýän gülälek hasaplaýar. Haýsy bolanda-da bu gülleriň ikisem özüniň gözelligi bilen adamlaryň ünsüni özüne çekýär.
Ýokarda aýdyşymyz ýaly, läläni Magtymguly gözelligiň keşbi hökmünde juda köp ulanýar. Özem ony reýhan sözi bilen baglanyşykly getirýär:
Açyldy zemin lälesi,
Uşbu dünýä reýhan bu gün..
Reýhan güli biziň ýurdumyzda meşhur gülleriň biri. Reýhan güli hakynda “Türkmen diliiň düşündirişli sözlüginde” “Reýhan – ýakymly ysly, süýrüje ýapragynyň gyrasy kertik-kertik, gögümtil gyzyl öwüşginli iýilýän ot” diýlip düşündiriş berilýär. Şondan görnüşi ýaly reýhan diňe bir ýakymly ysy bilen däl, eýsem daşky görnüşiniň gözelligi bilen hem ünsi özüne çekýär. Şonuň Magtymguly Pyragy reýhan sözüni diňe bir anyk gülüň ady hökmünde däl, eýsem ähli gülleriň ýakymly ysy manysynda köp ulanýar:
Reňbe-reň gül açar ýaşyl ýaýlasy,
Gark olmuş reýhana çöli türkmeniň.
Çemen sözi häzirki döwürde baglan gül dessesini aňladýar. Bu söz Magtymgulynyň döredjiliginde ähli gülleriň umumy ady, gülleriň jemlenen ýeri hökmünde gelýär. Köplenjem miweli baglaryň güli manysynda beýan edýär:
Neýlerem bagy-çemeni mahy-tabanym kaýda sen
Ýa-da
Ter çemen agajy bilen deňeler,
Ajap guş salmaly awlaklary bar.
Türkmen nusgawy edebiýatynda sowsam, sowsany sözleri köp duşýar. Sowsany ady bilen öňki döwre degişli ýörite matanyň bardygyny hem aýtmak gerek. Sowsan sözüne ors dilindäki liliýa, iris gülüniň türkmençe ady hökmünde ulanýar:
Erkanadyr bilbil-sowsan bize hazan gerekmez
(Pany-jahan gerekmez)
Ýa-da
Güller içre bir güli bag gaýry sowsan istemen.
(Istemen)
Zagpyran-açyk sary gülli, ýakymly ysly köpýyllyk otjumak ösümlik. Ondan hat ýazmak üçin altynsow reňkli syýa hem ýasapdyrlar. Şeýle reňk bilen ýazylan hatlar belli bir derejede zagpyran ysyny hem saklapdyr. Bu hili hatlara zagpyran haty diýlipdir.
Zagpyran nusgawy edebiýada gaýgy-gussa bilen solup-saralmagyň alamaty hňkmünde köp duşýar. Magtymguly hem zagpyrany gaýgy-hasratyň solup-saralmagyň alamaty hökmünde beýan edýär:
Şekerlikden zäher boldy sözlerim,
Zagpyrandek sargarypdyr ýüzlerim
(Azadym kany)
Türkmen topragynda ösýän gülleriň dürli hojalyk-durmuş maksatlary üçin ulanylýanlygy hem mälimdir. Öňki döwürde saçy boýamak, gaşa wesme çekmek üçin hozuň daşky gabygyny çaganyň güli gaýnadylan suw bilen garyp, gara reňk alypdyrlar. Bu ýagdaý Magtymgulynyň döredijiliginde hem öz beýanyny tapypdyr:
Hozuň daş postuny azergun güli,
Garyp saça çalsaň, gara reň bolar.
Umuman jemläp aýdylanda, beýik akyldaryň döredijiliginde güller bilen bagly juda köp sanly, öz döwrüne mahsus maglumatlara duşmak mümkin.
Mohira Nuraddinowa,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniñ 2-nji ýyl talyby.
Salgy : https://newsashgabat.com