Ýurdumyzda halkara ylmy-amaly maslahatlar geçiriler
Şu ýylyň noýabr-dekabr aýlarynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara ylmy-amaly maslahatlaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär. TDH-niň habar berşi ýaly, bu barada 18-nji oktýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Orazdurdyýewanyň hasabatynda aýdyldy.
25 — 30-njy noýabr aralygynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “Himiýany okatmagyň usulyýetiniň döwrebap kämilleşdirilmegi we himiki tehnologiýalaryň häzirki zaman ösüşi” atly halkara ylmy-amaly maslahaty;
5-6-njy dekabrda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda “Daşary ýurt dillerini öwretmegiň innowasion usullary we tehnologiýalary” atly halkara ylmy-amaly maslahaty;
19-njy dekabrda Türkmen oba hojalyk institutynda sanly ulgam arkaly “Oba hojalyk pudagynyň durnukly ösüşinde biotehnologiýalaryň orny” atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär.
Bu halkara ylmy-amaly maslahatlara Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, professor-mugallymlary, alymlary bilen bir hatarda, Russiýa Federasiýasynyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Koreýa Respublikasynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Awstriýanyň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň, Rumyniýanyň, Türkiýäniň, Gazagystanyň, Belarusuň, Malaýziýanyň, Özbegistanyň we beýleki ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň zehinli ýaşlarynyň, alymlarynyň hem gatnaşmagyna garaşylýar. Bu maslahatlaryň geçirilmegi ylym-bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, milli ykdysadyýetiň çalt depginler bilen ösýän pudaklary boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda uly ähmiýete eýe bolar.
Türkmenistanyň hormaly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurtda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda, kämil hünärmenleri taýýarlamakda maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigine, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam edýän ylmy-amaly maslahatlaryň yzygiderli guralýandygyna ünsi çekdi we wise-premýere Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda, Türkmen oba hojalyk institutynda geçiriljek halkara ylmy-amaly maslahatlary guramaçylykly geçirmäge gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Çeşmesi : Türkmenistanyň Bilim Ministrligi