Ýer ýüzüni aýlanan küýze
2014-nji ýylda Şotlandiýada tapylan küýzäniň Günbatar Aziýa degişlidigi we Ýer ýüzüniň ýarysyny aýlanandygy anyklandy. Şotlandiýanyň milli muzeýinde saklanýan wikingler döwründen galan Galloweý hazynasynyň bir bölegi bolan gabyň Sasanylar döwründe ýasalandygy anyklan¬dy. Galloweý hazynasy diýlip atlandyrylýan taryhy eser 2014-nji ýylda metal gözleýji bilen geçirilen gözlegiň netijesinde tapylypdy. 2017-nji ýylda bu gymmat bahaly taryhy eseri Şotlandiýanyň Milli muzeýi satyn alypdy. Geçirilen soňky barlaglarda kümüş gabyň Günbatar Aziýa degişlidigi, onuň ýüzündäki nagyşlarda täjiň, oduň, geçigaplaňyň we gaplaňyň şekilleriniň bardygy ýüze çykaryldy. Nagyşlaryň zoroastrizm bilen baglydygy bellenildi. Gabyň ýüzündäki bir şekil Sasanylaryň pulunda hem gabat gelýär. Şekilde otdan çykyp duran täç bar.
Galloweý hazynasy «Britaniýada asyryň taryhy tapyndysy» diýlip atlandyrylypdy. Bu gymmatly eser «Galloway Hoard: Viking-age Treasure» ady bilen geçiriljek sergiler arkaly dürli muzeýlerde we galereýalarda köpçülige görkeziler.
Nurtäç HALMYRADOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk
mekdebiniň mugallymy.