BEDENTERBIÝE WE SPORT
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimiz tarapyndan raýatlaryň saglygyny goramagyň kämil ulgamy döredilip, saglygy goramakda, bedenterbiýe-sport bilen meşgullanmakda dünýä nusgalyk işler durmuşa geçirilýär. Bu gün eziz Diýarymyzda döwrebap sport desgalary, halkara dünýä ülňülerine laýyk gelýän stadionlar, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlarygurlup ulanmaga berilýär. Munuň özi döwletimiziň ynsan saglygy hakynda edýän aladasyndan nyşandyr. Ýurdumyzda halkara derejeli sport ýaryşlaryny geçirmek hem asylly däbe öwrüldi. Halkymyzyň saglygy, ruhubelent we bagtyýar ýaşaýşy ugrunda aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Aýbölek BERDIGULYÝEWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň talyby.
Türkmen sporty. Hepdelik gazet. №40 (641) 2024-nji ýylyň 5-nji oktýabry, şenbe.