Milli manadymyzyň taryhy hümmeti.

 Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap bilim we terbiýe bermek üçin has amatly şertleriň döredilmegi, döwrebap okuw mekdepleriniň gurulmagy, okuw-tehniki serişdeler bilen üpjün edilmegi ýaşlaryň dünýä derejesinde bilim almagyna, dünýägaraýşyny giňeltmegine, giň möçberli bilimiň ösüşini üstünlikli amala aşyrmaga, ýurduň ägirt uly kuwwatyny doly durmuşa geçirmäge gönükdirilendir. 
 Türkmen halkynyň asyrlaryň ayagyndan geçen döwletler gurmak, dolandyrmak, milli demokratiýa, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň mizemez syýasatyna öwrüldi.. Ata-babalarymyzdan biziň günlerimize çenlli dowam edipdir mukaddes ýörim–ýörelgrleri bu günki hem öz gadyr-gymmatyny asla ýitrenok. Milli medeni mirasymyzda we taryhymyzda türkmen halkynyň ähli üstinlikleri, ýagny milletiň häzirki bagtyýarlyk gününe çenli dowam eden şöhratly geçmişi, gadymy dili, medenýeti, sungaty, döwlet gurluşy jemlenendir. Halkyň bu ruhy gymmatlyklary, ata-babalarmyzyň ýazyp galdyran kitaplarynyňgatlarynda, ýiti zehinlerinden kemala gelen ajaýyp arhitektura ýädigärliklerininde, şeýle hem ene-mamalarmyzyň el işlerinde öz beýanyny tapýar. Türkmen topragynda irki döwrlerden bäri pul hereket edip gelýär. Puluň taryhy jemgyýetiň taryhy bilen gös-göni baglydyr. Sebäbi puluň öz jemgyýetçilik hadysa. Jemgyýetden üzňe pul ýok. Dünýä ýüzünde pul manat, rubl, ýewro, som, sum, funt, sterling, dinar, dirhem, ýena, ýuan ýaly onlarça görnüşde atlandyrylpdyr. Özüniň tebigaty boýunça pul haryt bolup, ol birnäçe ýerine ýetirýär. Pul gymmatlyk ölçegi, dolanyşyk tölegi, maýa toplama we süýşürintgi serişdeleri hökmünde hyzmat edýär. 
 Pul adamlar jemgyýetiniň ösüp, belli bir derejä ýeten mahalynda alyş-çalşyň ösmegi, çylşyrymlaşmagy, bazarlaryň döremegi netijesinde ýüze çykypdyr. Ilkibaşda pul ýerine ýönekeý alyş-çalyş edilip, adamlar öz artykmaç zatlaryny, baýlyklaryny zerur harytlara çalşypdyrlar. Arheologiki maglumatlara görä, pul daş asyry (Paleolit) zamanynda ýüze çykypdyr. Wagtyň geçmegi bilen kem-kemden alyş-çalşyň çylşyrymlaşmagy netijesinde, aýry-aýry ýerlerde alyş-çalşa gatnaşýan ähli harytlaryň gymmatyny ölçeýän aralyk harydyň belli bir mukdaryna barabar edilipdir. Olardan has ýörgünlisi mal-gara, haýwanlaryň süňkleri, galla, duz, hoz, balykgulak, monjuk, owadan daş bölejikleri, zähmet we aw gurallary bolan pyçak, palta, azal, pil, naýza, peýkam bolupdyr. Bulara köplenç “haryt pullary”, ”ýönekeý pullar” ýa-da “teňňeden öňki pullar”diýilýär. Meselem, metal pullar çykmazdan ozal adamlar pul hökmünde gaty köp harytlary synlap görüpdirler we ulanypdyrlar. Murgap derýasynyň aşak akymynda ýerleşýän bürünç asyryna degişli Marguş şalygynda biziň eýýamymyzdan öňki II müňýyllykda ak ýaldyrawuk daşdan ýonulup ýasalan “ikbaşlar”hem-de gurşun ergininden guýlup ýasalan, ýüzüne belgiler basylan ortasy deşikli ýasmyk tegelejikler esasy pul bolup hyzmat edipdir. Gadymy pullaryň iň giň ýaýran görnüşleriniň biri-de mal bolupdyr. Mallar ähli zatlaryň bahasyny kesgitleýän haryda öwrülipdir. Mysal üçin, orta hasap bilen mala 10 palta ýa-da 5 halta bugdaý, 20 naýza, 10 peýkam, 8 sebet duz satyn alyp bolupdyr. Jemgyýetiň ösmegi adamlaryň aň-düşünjesiniň artmagy netijesinde bolsa, söwdada giňden ulanylýan aralyk haryt metaldan ýasalypdyr. Belli bir agrama, görnüşe, gymmata eýe bolup, döwlet möhri bilen kepillendirilen teňňe pullary ilkinji gezek biziň eýýamymyzdan öňki VII asyrda Aziýadaky Lidiýa döwletinde hem-de Gresiýanyň Egida adasynda altyn bilen kümşüň garyndysyndan zikgelenipdir. Teňňe pullarynyň ýüz tarapynda adatça häkimiýet nyşany-döwlet tugrasy, hökümdaryň suraty, dini ýazgylar ýerleşipdir. Orta Aziýada, şol sanda Türkmenistanyň çäklerinde teňňe arkaly amala aşyrylan pul dolanyşygy Isgender Zülkarneýiniň imperiýasynyň düzümine girizileniden soň başlanypdyr. 334-329-njy ýyllarda Makedoniýanyň patyşasy Isgender Zülkarneýin Ahemenidler döwletiniň ähli ýerlerine basyp alyp, öz hökümetini dikeldýär. Pul dolanyşygynda uly tejribeler toplan grek hünärmenleriniň işjeň gatnaşygynda Aleksandr imperiýa üçin kümüş teňňe esaslanan bütewi pul ulgamyny döredýär. Esasy pul birligi hökmünde agramy 17, 2 grama deň bolan tetradrahma diýen kümüş teňňe kabul edilip, beýleki pul birlikleri onuň belli bir mukdaryna deňeşdirilipdir. Teňňede altyn bilen kümüş gatnaşygy 1:10 möçberinde bellenipdir. Teňňeler grek däp-dessurlary esasynda zikgelenipdir. Onuň ýüz hem arka tarapynda grek hudaýlaryny ( Afina, Pallada, Nika, Zews, Gerakl) we “Aleksandr” diýen ýazgy ýerleşipdir. Bulardan başga-da, Wawilonda goşa darikler, Hindistanda inedördül görnüşli mis teňňeler zikgelenipdir. Mis teňňeleriň Orta Aziýada zikgelenen bolmagy mümkin. Isgender Zülkarneýiniň teňňeleri az mukdarda Orta Aziýada şeýle hem Türkmenistanda duş gelýär. Onuň teňňeleriniň 287 sanysy meşhur Amyderýa hazynasyna hem goşulypdyr. Bilşimiz ýaly 1991-nji ýylda Türkmenistan Garaşsyzlygyny alandan soňra öz milli puly peýda boldy. Oňa manat diýilýär. Halkymyzyň milli pul birligi bolan manat 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda dolanyşyga girizildi. Milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmegi, türkmenleriň ykdysady garaşsyzlygynyň kepili boldy. Milli pulumyzyň dolanyşyga girizilmeginiň öňisyrasynda manadyň hereketini kanun taýdan berkitmek maksady bilen 1993-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda “ Türkmenistanyň pul birligi hakynda” Kanun kabul edildi. Türkmen manady taryhy ýolunda, bazar ykdysadyýetiniň çylşyrymly döwründe özüniň abraýyny, ygtybarlygyny we hümmetini saklamagyny doly başardy. Hormatly Prezidentimiziň syýasy öňdengörüjiligi we ykdysady strategik parasatlylygy bilen geçen gysga döwürde milli pul birliginiň denominasiýasy geçirildi. Denominasiýa düşünjesi “denomihato” diýen latyn sözünden gelip çykmak bilen, täzeden çykarylan pul belgileriň nominal beýanyny azaltmagy göz öňünde tutýar. Pullaryň ýüzündäki bellenen bahalara “nominal” diýilýär. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň “Beýik Türkmen şahyrlary” atly ýadygärlik teňňeleriniň üsti baýramçylyk günlerinde hümmeti 500 we 1000 manada barabar bolan üç görnüşli kümüş we altyn teňňeler bilen ýetirildi. Täze pul teňňeleri diňe bir edebiýatda däl, eýsem, dünýä derejesinde-de öçmejek yz galdyran türkmeniň beýik watançy şahyrlaryna, ýagny Mämmetweli Keminä, Mollanepese, Seýitnazar Seýdä bagyşlandy. Türkmeiniň nusgawy şygyrýetine baýlaşdyran şu görnükli taryhy şahsyýetleriň tutuş döredijiliginiň içinden ata Watana çäksiz söýgi, ene topragyň garaşsyzlygy we erkinligi baradaky ýörelgeler eriş-argaç bolup geçýär. Täze teňňeler öň çykarlan şunuň ýaly teňňelere meňzeşdir. Hümmeti 500 manat bolan kümüş teňňeleriň üçüsi 925 mähekli agramy 28, 28 gram we diametri 38, 61 millimetrdir. Olaryň her biriniň 200 sanynysy çykaryldy. Tylla teňňeler bolsa azyrak her nusgalygyndan bary-ýogy 500 sanysy çykaryldy. Hümmeti 1000 manada barabar bolan bu gymmatly nusgalyklar özüniň ýokary 916, 7 altyn mähegi bilen tapawutlanýar. Olaryň diametri 38, 61 millimetre, agramy bolsa 39, 94 grama barabardyr. Milli lidermiziň permanynyna laýyklykda 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda ulanylşa goýberilen manadyň nusgalary bilen täzeleri çalşyryldy. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Merkezi banky ABŞ-nyň 1 dollaryna 2 manat 85 teňňeden satywa goberýär. Munuň özi ýurdyň ykdysadyýetiniň, şol sanda hormatly Prezidentimiz tarapyndan uly goldaw berilýän hususy sektoryň işjeňligini artdyrdy. Şeýle-de hususy eýeçiligi degişli edara kärhanalaryň rowaçlanagyna getirdi. Şu günki günde ýurdumyzda kiçi kärhanalaryň sany barha artýar. Ondan başga-da ýurdumyzda Türkmenistanyň Merkezi banky we Täjirçilik banky tarapyndan alyň-çalyş nokatlary açyldy hem-de isleg bildirýän raýatlarymyza daşary ýurt puluny satyn almak we çalyşmak üçin giň mümkinçilikler döredildi. Bir söz bilen aýdylanda, gadymy pul birliklermiz geçmişde döwletiň ykdysadyýetiiniň özeni bolup, şu günki günümizde gymmatly miras-hazynadyr. 

Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk 
mekdebiniň  taryh mugallymy Akjagül Ýoldaşowa

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji
jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09