Özüňe erk etmek hakynda

Durmuş sungatdyr. Bu sungatyň kämillik derejesiniň gönüden-göni öz eliňdedigini, paýhasyňa we erkiňe baglydygyny unutma! Sen öz elleriň, paýhasyň hem erkiň bilen öz şahsyýetiňi ökde suratkeşiň sungat eserini döredişi ýaly döretmelisiň, kemala getirmelisiň!

Söze erk edip bilmek uly sungatdyr. Söz adamlaryň bir-biri bilen gatnaşygynyň serişdesidir. Aňyna erk edip bilen adam durmuşda islendik maksadyna ýetip biler. Adam öz gaharyna, erkine jylaw salmagy, özüne erk etmegi başarmalydyr. Özüne erk edip bilmedik adam hiç bir zat gazanyp bilmez, hiç bir menzile ýetip bilmez. Özüňe erk etseň, ähli ýollar açykdyr, özüňe erk edip bilmeseň, çar ýanyň petikdir. Dünýä özüne erk edip bileniňkidir. Özüňi islege görä däl-de, zerurlyga we talaba görä ýaşamaga mejbur et!

Isleýän zadyňy däl, zerur zady etmäni başar. Özüňi ele alsaň, dünýäni ele alarsyň. Özüňe erk etmek, ilkinji nobatda, duýgularyňa erk etmekdir. Aýaklaryň islän ýerine däl, akylyň hem bähbidiň görkezen ugruna gitsin! Elleriň islän zadyny däl, zerurlygyň görkezýän zadyny tutsun. Diliň göwnüňe gelen sözlerini däl, ýaşamak üçin zerur sözleri diýsin.

Ata-enäniň çagalaryny terbiýelemekdäki esasy aladasy olaryň bidüzgünçilikleriniň wagtlaýyn öňüni almak däl-de, şeýle ýagdaýlaryň gaýtalanmazlygynyň öňüni almakdyr. Terbiýäniň esasy maksady çagada öz-özüne erk-gözegçilik etmek endigini terbiýelemekden ybaratdyr. Çaga bitertiplik etmeli däldiginiň düşündirilmegi, çaganyň muňa akyl ýetirmegi meseläniň oňyn çözgüdine ýardam eder. Akylly-başly maslahat berlen, şeýle hem eden hatasy boýnuna goýlan çaga geljekde betlik etmezlige çalyşýar.

Adam edebi ýaşlykdan öwrenmelidir. Edep ýaşlygy terbiýelemek üçin ata-babalarymyz tarapyndan döredilendir. Çünki, çaga edep-terbiýä mätäçdir, edep-terbiýesiz, öz-özüňden adam bolmak durmuşyň kanunynda ýokdur. Edebiň binýady bolsa akyldyr — ata-babalarymyzyň müňlerçe ýyllaryň dowamynda toplan akyl genji-hazynasydyr. Edep almak şol akyl hazynasynyň içine girmek we ondan göterinip bilen baýlygyňy almakdyr.

Amanjahan MÄMMETTAGANOWA
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň talyby

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji
jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09