Salamlaşmak edebiniň şertleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyz uly ösüşlere eýe bolýar. Şonuň bilen birlikde gadymy hem müdimi däp-dessurlarymyza  giň ýol açyldy. Hiç wagt öz gymmatyny gaçyrmajak, durmuş ýörelgesinden aýrylmajak däpleriň biri hem salamlaşmakdyr. Bu däp gadymy döwürde nähili bolduka? Salamlaşmagyň edebi nähilikä?

Gadymy döwürlerde adamlar bir-birleri bilen hereketleriň, yşaratlaryň üsti bilen salamlaşypdyrlar. Gadymyýetde kiçi ýaşly çagalar uly ýaşlylara salam berenlerinde, hormat bilen baş egipdirler. Hindilerde bolsa salamlaşylanda, ellerini iki aýasyna bir-biriniň üstünde goýup, soňra hem maňlaýynyň deňine ýetiripdirler. Döwlet dilimiz bolan türkmen dilinde ulanylýan “Salam” sözi birek-birege bolan hormatyň, sarpanyň nyşanydyr. Sözüň gelip çykyşy arap dilindäki “Selime” sözi bilen baglanşyklydyr. Erkek kişiler “Essalawmaleýkim” diýip ýüzlenende aýal maşgalalar “Salamälik” diýseler dogry hasaplanýar.

“Essalawmaleýkim” arap sözi bolup, “Size saglyk, parahatlyk isleýän” diýmegi aňladýar. Her bir edepli-ekramly ynsan salam bermegiň we almagyň kadalaryny dogry dürs berjaý etmäge çalyşmalydyr, şeýle-de onuň mukaddes borçdugyna düşünmelidir. Çünki edebiň başy salamdyr. Pederlerimiz “Salamsyz söze başlan adamyň ýüzüne köz degsin” diýer ekenler. Bu kadalary bozýan adamlary ýazyjy-şahyrlarymyz öz goşgy bentlerinde ýazgarýalar. Şahyr Kerim Gurbannepesowyň:

Salam hem modadan çykýar diýdiňmi?
Hawa, köpelipdir ses-üýnsüz salam.
Eliňi ýetir-de gulagyň ýanna,
Arkaýyn geçiber.
Tamam.
Wessalam.

Tanşyňmy, dostuňmy, goňşyňmy kimmi-
Hökmanmyşmy ýanna dykylyp barmak!
Biperwaý kelläni çalaja silk-de,
Geçiber. Geplemek nämäňe gerek.

Ýaşaýarkak tygşytlylyk döwründe,
Her tygşytlan sözüň-bir döwüm çörek…

“Salam!” diýmek-parahatlyk dilemek.
Şol mukaddes sözden güýç alýar zaman.
Arada Pöwrize daglarna çykyp,
Üç gezek gygyrdym: “Salam! Salam! Salam!”

Näçe salam bersem, şonça-da gezek
“Salam!” diýip, jogap gaýtardy daşlar.
Görýän weli, biziň käbirimizden
Şol daşlaram asyllyrak ýoldaşlar!…

— diýen setirler aýdylanlara mysalydyr. Milli däplerimize laýyklykda, kiçi ýaşly adam özünden ula ilki salam bermelidir we uly ýaşly adama elini ilki uzatmalydyr. Türkmen halkynda salamlaşmak däbi bilen baglanşykly “Salamlylyk duşmanyny dost eýlär”, “Ýedi ädimden bir salam”, “Ilki — salam, soň — kelam” (kelam – söz, sözleşmek, gürleşmek diýen manysy bar) ýaly parasatly jümleler bar.
Salam [sala:m] – arap dilinden geçen bu söz «salamatlyk, asudalyk, rahatlyk» ýaly manylary aňladýar.
Es-Selam adamlara bagtyýarlyk arzuw edip, salam berýän diýmekdir.

Bossanjemal HYDYROWA
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň talyby

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji
jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09