Kämil bilim - röwşen ertirleriň açary

Her bir güni beýik ösüşlere, täze özgertmelere beslenýän gözel Diýarymyzda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, giň gözýetimli, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek babatda hormatly Prezidentimiz tarapyndan uly tagallalar edilýär. Gahryman Arkadagymyz:”Häzirki zaman jemgyýetinde hakyky gymmatlyklarynyň baýlyklarda dälde, eýsem, adamlardadygyny, olaryň bilimindedigini, hünär derejesindedigini we zähmetiniň netijesindedigini gökezýär” diýip belleýär. Bu bolsa bilim ulgamyny dolandyrmagyň, onuň jemgyýete peýdaly bolmagynyň we durmuşa hyzmat etmeginiň talabalaýyk ýola goýulmagy bilen baglanşykly täze wezipeleriň ýüze çykýandygy bilen şertlenendir. 

Döwletimizde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», beýleki milli maksatnamalarda bilim ulgamyny kämil derejede ösdürmek, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak ugrunda kesgitlenen wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. On iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini, tebigy we takyk ylma degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýalaryna laýyklykda, bilim ulgamyny dünýä ölçeglerine çykarmak boýunça degişli işler durmuşa geçirilýär.

 Häzirki wagtda hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak işiniň mazmuny okatmagyň döwrelaýyk täze usullaryny halkara tejribesiniň häzirki zaman gazananlary bilen utgaşdyryp işläp düzetmekden, okatmak işini amala aşyrýan mugallymlaryň, terbiýeçileriň hünär bilimlerini, nazary we amaly işlerini usuly taýdan dogry guramak ussatlyklaryny artdyrmakdan, syýasy düşünjelerini baýlaşdyrmakdan, täze-täze hünärleri öwretmekden, ylmyň we tehnikanyň dünýä ulgamynda iň soňky gazanan üstünliklerine daýanyp, olaryň dürli pudaklary babatda ýetilen ýokary sepgitler hakyndaky täzeçe düşünjeleri almaklaryna bolan zerur islegleri kanagatlandyrmakdan ybaratdyr. Bu gün ýurdumyzda matematika, informatika, tebigy, takyk we ynsanperwer ylymlary, daşary ýurt dillerini, hususan-da, iňlis, rus, nemes, fransuz, italýan, hytaý, ýapon, koreý, arap, pars we türk dillerini öwrenmek ulgamynda ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň 200-e golaýy hereket edýär. Bilim ulgamyny kämilleşdirmek jemgyýeti aň-düşünje taýdan kämilleşdirmekdir. Bu ulgamyň kanunçylyk binýadynyň düýpli bolmagy, mekdep mugallymlarynyň, terbiýeçileriň hünärini kämilleşdirmek işini döwrebap guramak, olaryň häzirki zaman okuw-tehniki serişdelerini, barlaghana enjamlaryny okuw işinde peýdalanyp bilmeklerini gazanmak, mugallymlardyr terbiýeçileriň netijeli işlemeklerini ýola goýmak meselesini çözmek işinde ýurdumyzyň baýry ýokary okuw mekdeplerinde mugallymlaryň we terbiýeçileriň hünär kämilligini ýokarlandyryş fakultetlerini açmak we beýleki durmuşa geçirilýän anyk işler oňyn netijelere getirer.

Biziň bilim ojagymyz bolan Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebimizde hem biz ýaşlaryň ylym-bilimiň döwrebap we gazanan ýokary sepgitlerinden öz paýymyzy almagymyz üçin uly mümkinçilikler döredilýär. Halypalarymyzyň bize öwran-öwran gaýtalap aýdýan:”Balalarym, köpräk okaň, öwredilýän her bir zatlary pugta özleşdirjek boluň! Sebäbi, siz hiç wagt ýalňyşmaly dälsiňiz, siz geljekde mugallymçylyk kärini ele almaly. Çagalara başlangyç bilim bermeli. Siz ýalňyşsaňyz geljekki nesillerimiziň bilim binýady gowşak bolar. Watanymyzy ösdürjek, belent sepgitlere ýetirjek ýaşlary kemala getirmekde siziň ornuňyz örän uludyr!” sözleri biziň hakydamyza berk ornaşyp, has kämil hünärmenler bolup ýetişmegimize uly ýardam berýär.

Aýsona GARJANOWA,  
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň I ýyl talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji
jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09