BAKYLYK AÝDYMYNA ÖWRÜLEN SUNGAT
Geçmişde ene-babalarymyz ýiti zehinleri, egsilmez yhlaslary bilen özleriniň el işlerini ýitirmejek sungat derejesine ýetiripdirler. Olaryň asyrlardan gözbaş alyp gaýdýan şol inçe hem çeper el işleri özüniň milliligi, nepisligi, özboluşly öwüşginliligi bilen beýleki halklaryňkydan tapawutlanýar. Türkmen tebigatynyň gül-gülälekli ýaşyl ýaýlaryndan nusga alnyp çitim bolup, öýdüm bolup göllere, nagyşlaryna siňen türkmen zenanlarynyň halyçylyk we keşdeçilik sungaty asyrlaryň jümmüşinden aşyp, biziň günlerimize gelip ýetipdir. Gadymy döwürlerden bäri ene-babalarymyzyň kämilleşdirip gelýän halyçylyk, keşdeçilik sungatynda türkmen halkynyň taryhy durmuşy, däp-dessury aýdyňlygy bilen şöhlelendirilýär. Näziklik, mähirlilik, gözellik, asyllylyk ýaly ajaýyp häsiýetlerini türkmen zenanlary özleriniň el işlerine siňdiripdirler. Halyçylyk, keşdeçilik zenanlaryň göwün islegi, arzuwy, ýürek buýsanjy bolmak bilen halkymyzyň amaly-haşam sungatynyň ajaýyplygyna öwrüldi. Gadymy döwürlerden bäri türkmen zenanlary haly dokamagyň, keşde çekmegiň müňlerçe inçe tilsimlerini ele alypdyrlar. Gölleri, nagyşlary hiç hili çyzgysyz, eskizsiz ýerbe-ýer goýmagy başarýan türkmen zenanlary suratkeşlige, hasaba ökde bolupdyrlar diýsek ýalňyşmarys. Türkmen halylaryny, milli keşdelerimizi synlanymyzda gelin-gyzlaryň ene-mamalaryň ruhy dünýäsine aralaşýarsyň. Çitilen erişler, gaýalan keşdeler gara gazmadan çykan ýakymly owaz ýaly ses edýär. Synladygyňça gözüňi dokundyrýan, kalba ruhy lezzet berýän nepis halylary dokamakda, ajaýyp keşdeleri sünnälemekde berjaý etmeli kadalary ýaş halyçylaryň aňyna pugta ornaşdyrmakda çeper elli enelerimiz aýdan sözleri bellemäge mynasypdyr. “Dokmam darak boýy bolýança, dostum hem görmesin, duşmanym hem”, “Göle düşdüm, ýola düşdüm”, “Keşde-gaýmam, göwün ýaýlam” ýaly öwüt-nesihatlary halyçylara we beýleki el işlerine ýaňy gadam basan ýaşlar üçin durmuş sapagy bolup durýar.
Gahryman Arkadagymyzyň türkmen zenanlarynyň milli senediniň asyrlaryň jümüşinde emele gelendigini beýan edýän kitaplary ajaýyp sungatyň dünýäde giňden wagyz edilmeginde ähmiýetli bolup durýar. Alym Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan “Janly rowaýat”, “Arşyň nepisligi” atly kitaplarynda türken halysynyň we aýal-gyzlaryň el işleriniň ajaýyplygy, nepisligi nagyşlaryň, gölleriň döreýşi hakynda maglumatlar sungat muşdaklaryny has-da buýsandyrýar.
Türkmen zenanlarynyň ýokary derejedäki ussatlygy, ezberligi irginsiz zähmeti, ukyp-başarnygy hem-de çeper döredijiligi bilen kemala gelen el işleri kämil derejede biziň günlerimize ýetip gelipdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe aýal-gyzlarymyzyň el senedine aýratyn sarpa goýulýar. Ene-mamalarymyzyň sünnäläp döreden el-işlerini eşrepiläp saklap, bu inçe sungaty dowam etdirýän, oňa döwrebap öwüşgin çaýýan zenanlara sylag-hormatyň artýar. Türkmen durmuşynda hiç wagt özüniň gymatyny gaçyrmajak nepisligi, owadanlygy, ulanmaga amatlylygy bilen hem hemmeleri haýrana goýýan türkmen zenanlarynyň el iş sungatyny zamanabap röwüşde kämil derejede dowam etdirýänler az däl. Özüniň berkligi, dokalyşynyň, nepisligi, nagyş we reňk öwüşginleri bilen tapawutlanyp durýan halylarymyzyň we haly önümlerimiz (düýphaly, ojakbaşy, çuwal, torba, gapylyk, eňsi we beýlekiler) öý bezegi hökmünde hiç wagt özüniň gymmatyny gaçyrmaýar. Keşdeçilikde ulanylýan “Çaňňa”, “Çigildem gülli”, “Çynar ýaprak”, “Tegbent”, “Goçak” ýaly nusgawy nagyşlar häzirkizaman lybaslaryny bezemekde uly ähmiýete eýedir.
ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyny 2019-njy ýylda türkmen milli halyçylyk sungatynyň, 2022-nji ýylda milli keşdeçilik sungatymyyzň girizilmegi her birimiziň kalbymyzy buýsançdan doldurýar. Halkymyzyň halyçylyk we keşdeçilik sungaty biziň günsaýyn ösýän Watanymyzyň gözellik nusgasydyr, türkmen zenanlarynyň bütin dünýäniň genji hazynasyna peşgeş beren bakylyk aýdymydyr.
Bägül Batyrgeldiýewa
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 2-nji ýyl alyby
Salgy : https://newsashgabat.com