BILIMLI ÝAŞLARYŇ ALADASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyna uly üns gönükdirilýär hem-de ýaşlaryň ähli taraplaýyn sazlaşykly ösmegi ugrunda mynasyp tagallalar edilýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň çäginde hem bu ugurda guwandyryjy işler alnyp barylýar. Bu maksatnamada ukyply çagalary we zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga, goldamaga gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirmek göz öňüne tutulandyr.

Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaşlar syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýaşlaryň döwrebap bilim terbiýe almaga,  hünär öwrenmäge, sport bilen meşgullanmaga bolan hukuklary kanun esasynda kepillendirilendir. Ýurdumyzyň geljegi bolan biz — ýaşlar özleriniň hukuklaryndan we borçlaryndan peýdalanyp, ata-baba dowam edip gelýän milli ýol ýörelgelerimizi gorap saklamaga, dünýäniň alys hem-de goňşy ýurtlary bilen alnyp barylýan hoşniýetli goňşuçylyk we «Açyk gapylar» syýasatyna eýermäge borçludyrys.

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýeti öwrenmek, ösdürmek, ony dünýä giňden ýaýmak bilen bagly düýpli işler durmuşa geçirildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideriniň ruhy we beden taýdan sagdyn, ahlak taýdan arassa, ylmyň soňky gazananlaryny ele alan, watansöýüjilik ruhunda terbiýelenen ýaş nesliň kemala gelmegi üçin ähli şert-mümkinçilikler döredýändigi biziň her birimiziň görüp, bilip ýören hakykatymyz.

Biz — ýaşlar Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän tutumly işlerine jogap edip, bilimimizi has-da artdyryp, Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin mynasyp goşandymyzy goşarys. Okamaga, öwrenmäge, döretmäge we gurmaga ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Çemen NURMÄMEDOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 2-nji ýyl talyby.

Salgy : https://tyy-news.gov.tm

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji
jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09