Mazamda dagyndaky gadymy wulkan partlamasynyň takyk senesi anyklandy
Mazamda dagynda 10 müň ýyl mundan ozal bolup geçen wulkan atylmasynyň takyk senesi belli boldy. Gözleg işlerinde Ýamaldaky ýarym galyndy agaçlaryň ösüş halkalary öwrenildi. Ural Federal Uniwersitetiniň we Russiýa Ylymlar akademiýasynyň Ural şahamçasynyň Ösümlik we haýwan ekologiýasy institutynyň hünärmenleri soňky 10 müň ýylyň iň güýçli wulkan atylmalaryna ünsi jemlediler. Bu wulkanlar Ilinskiýde (Kamçatka), Mazamada (Demirgazyk Amerika) we Kikaýda (Ýaponiýa) bolup geçdi. Kikaý wulkan partlamasynda 300-den 450 kub kilometre çenli massa zyňylyp, bu wulkan partlamalarynyň iň ulusy boldy. Ilinskiý we Mazama wulkanlarynyň zyňyndylary bolsa, ortaça 150 kub kilometrden emele geldi.
Ýamaldaky agaç halkalaryndaky anomaliýalaryň seljerilmegi bilen Mazama wulkanynyň anyk senesi anyklandy: bu waka b.e. öňki 5281-nji ýyla degişli bolup, agaçlarda möhüm üýtgeşmeler ýüze çykaryldy. Ösümlikleriň ösüşiniň haýallamagy we halkalardaky patologiki gurluşlar, wulkan atylmasy bilen howanyň düýpli üýtgändigini görkezýär. Alymlar bu wulkan partlamasynyň täsirleriniň bir-üç ýyldan soň ýüze çykandygyny aýdyp, partlamanyň öz wagtynyň b.e. öňki 5283-nji ýyla gabat gelendigini çaklaýarlar.
Suraý Kullyýewa
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniñ I ýyl talyby
Salgy : https://ahal.info