Hytaýyň ilkinji ýüzýän Gün stansiýasy

Hytaýyň ilkinji ýüzýän Gün stansiýasy

Hytaýda ýakyn wagtda ýurduň ilkinji ýüzýän gün elektrik stansiýasy, “Yellow Sea No. 1,” işe girizilmeli. Bu stansiýanyň aýratynlygy, ýüzýän wagty hem energiýa öndürip bilmeginde. Şeýle hem, stansiýa GPS ulgamy ýa-da uly balyklary öwrenmek üçin ses ýazdyryjy enjam hökmünde ulanylyp bilner. Alymlar bu stansiýany nebit ýataklaryny anyklamakda-da peýdalanyp boljakdygyny belleýärler, bu maksada ýetmek üçin stansiýada bronlaýjy turbalaryň ýerleşdirilmegi göz öňünde tutulýar.

Bir ýyllyk synag möhleti başlanmazdan öň, häzirki wagtda stansiýanyň enjamlaryny gurnamak we sazlamak işleri jemlenýär. “Yellow Sea No. 1”-iň boýy 10 metre deň bolup, platformany goldamak üçin 64 sany buý ýerleşdirilen. Ol deňiz düýbüne berkidilen troslar bilen ýerinde saklanýar we 10 metre çenli tolkunlara çydamlydyr. Platformanyň meýdany 1624 inedördül metr bolup, üstünde 434 sany fotoelektrik paneli oturdyldy.

 Synag döwründe inženerler platformanyň ýele we tolkunlara garşy çydamlylygyny, şeýle hem gurluşyň berkligini we energiýa öndürmegiň netijeliligini barlarlar. Bu ýüzýän gün stansiýasyny döretmek üçin bäş ýyllyk iş zerur boldy.

 

Ýazbibi Batyrowa,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniñ I ýyl talyby

Salgy: https://ahal.info

Paýlaş


Beýleki täzelikler

Gyz edebi

18/02/2026

Gyz edebi

Halkymyz gyz çagasyny aýratyn mähir bilen gurşap alýar. Olary ähli taraplaýyn gorap saklaýar. Ene-ma...

WATAN MUKADDESLIGI

16/02/2026

WATAN MUKADDESLIGI

Biziň ähli barlygymyz, hanymanymyz «Watan» diýen sözde jemlenýär. Ynsan üçin dogup-dörän ýerinden — ...

Ders bäsleşigi

18/01/2026

Ders bäsleşigi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygyn...

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09