Türkmenistanda Ermenistanyň medeniýet günleri geçiriler

2024-nji ýylyň 27-29-njy oktýabry aralygynda Türkmenistanda Ermenistanyň Medeniýet günleri geçiriler. Esasy çäre 28-nji oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Ermenistanyň Tatul Altunýan adyndaky döwlet aýdym-saz ansamblynyň çykyşlary bolar. Bu konsert iki gün dowam eder. Maksatnama ermeni medeniýetiniň dürli ugurlaryny, şol sanda kino we animasiýany öz içine alýar.

«Watan» kinokonsert merkezinde we «Aşgabat» kinoteatrynda ermeni filmleri we animasion multfilmler görkeziler. Tomaşaçylar 27-nji oktýabrda «Şarpyk», 28-nji oktýabrda «Aýrik» we 29-njy oktýabrda «Bagdasar aýaly bilen aýrylyşýar» atly ermeni filmlerine tomaşa edip bilerler. Şeýle hem, «It we pişik», «Gök deňizde, ak köpükde…» we beýleki ermeni multfilmleri görkeziler.

Çäreler 29-njy oktýabrda iki ýurduň medeni gatnaşyklaryny berkitjek Türkmenistanyň we Ermenistanyň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti bilen tamamlanar. Bu konsert ýurdumyzda geçirilýän medeniýet hepdeliginiň çäklerinde guralýar.
 
Arzuw Agamedowa
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniñ I ýyl talyby

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji
jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09