Abubekr As-Suly küşt dünýäsine şöhrat getiren türkmen alymy
Gündogar edebiýatynyñ we medeneniýetiniñ taryhynda öçmejek yz galdyran Abubekr As –Suly küşt hakynda ilkinji iki kitapdan ybarat bolan ylmy gollanma ýazan danadyr.
Onuñ birinji kitaby taýyb, ýagny, oýnuñ başlanyşy, ikinji bolsa mansub – oýnuñ gutarylyşy dogrusynda bolupdyr. As-Suly lakamy bu beýik şahsyýetiñ görnükli türkmen serkerdesi Sul hanyñ neberesidigini añlatsa, as-Sadranguly lakamy beýik küştçi manysyny beripdir. Ol özünden öñ ýaşan türkmen akyldary al-Adla uly hormat goýupdyr. Her ädimde oña ýüzlenipdir. Meşhur küştçi as-Suly “Taýyb” we “Mansub” atly eserini diýseñ ussatlyk bilen ýazypdyr.
As-Sulynyñ öz kitaby al Adlynyñ küşdüñ teoriýasy hakynda çykaran netijeleri boýunça baplara bölendigi, al-Adlynyñ hem özüniñ tejribelerine esaslanyp, küştçileriñ ukyby we ussatlyk derejesi boýunça alty topara bölendigi, olaryñ ilkinjisine “aliýa”- “ussatlaryñ ussady” diýip at berendigi mälimdir. “Aliýa” derejesi häzirki grossmeýstre barabardyr. Bu küşt oýnunda iñ ýokary dereje hasaplanýar. Onuñ galan bäş topary bolsa ussat, ussatlyga kandidat, birinji, ikinji, üçünji derejelere gabat gelýär.
Diýmek, as-Suly tarapyndan mundan müñ ýyl ozal düzülen küşt baradaky düzgün biziñ günlermizde hem ýaşamagyny dowam edýär.
Nasiba Mansurowa
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň I ýyl talyby.
Salgy : https://ahal.info