ISRO aýda täze gözlegler üçin ‘Chandrayaan-4’ missiýasyny işe girizýär
Hindistanyň Kosmos Gözleg Guramasy (ISRO) täze “Chandrayaan-4” Aý missiýasynyň jikme-jikliklerini paýlaşdy. Bu täze missiýa, Aýyň günorta polýusynyň çäginden toprak nusgalaryny ýygnamaga we hindi kosmos stansiýasyny gurmaga gönükdirilendir. Milanda geçirilen Halkara Kosmonawt Kongresinde ISRO-nyň metbugat sekretary P. Wiramuwela “Chandrayaan-4”-iň iki bölekden ybarat boljakdygyny we LVM-3 raketasy bilen uçuryljakdygyny aýtdy. Bu bölekler geosinkron orbitada ýerleşip, bilelikde Aýa syýahat eder.
Bu missiýa, Aýyň günorta giňişliginde, 85-90 gradus aralygynda gonmagy, toprak nusgalaryny ýygnamagy we soňra bu nusgalar bilen Ýere gaýdyp gelmegi maksat edinýär. Wiramuwela, missiýanyň geljekde Aýda ekipažly missiýalar üçin mümkinçilikleri giňeltjekdigini belledi. Esasy maksat, üç kilogram töweregi nusga ýygnamakdyr. ISRO, Aýyň topragyndan iki metre çenli çuňlukda burawlap, nusga almak üçin täze tehnologiýalary işläp düzýär.
Missiýanyň gonjak ýerini kesgitlemek boýunça gözlegler dowam edýär, emma “Chandrayaan-3” gonan Şiw Şakti sebitinde gondurmak mümkinçiligi barlanýar. “Chandrayaan-4”-iň uçurylyşy 2027-2028-nji ýyllar aralygynda meýilleşdirilýär.
Laçyn Käbaýewa,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniñ I ýyl talyby.
Salgy : https://ahal.info