Türkmen Alabaýyna bagyşlanan halkara maslahat we bäsleşik

25-26-njy oktýabrda S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde we Aşgabat şäherinde Türkmen alabaý itlerine bagyşlanan halkara maslahatlar we sergiler geçirildi. Dabaralarda milli itşynaslyk sungatynyň tejribeleri, türkmen alabaýlarynyň aýratynlyklary we olaryň taryhy hakyndaky ylmy işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň IV mejlisinde assosiasiýa täze agzalar kabul edilip, itşynaslarymyza «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly atlar dakyldy.

 

«Ýylyň türkmen edermen alabaýy» halkara bäsleşiginde Aşgabatdan hususy itşynas Rasul Kerimowyň Akguş atly alabaýy ýeňiji boldy we oňa Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş baýragy gowşuryldy. Sergide türkmen alabaýlaryna bagyşlanan amaly-haşam eserleri, halylar, fotosuratlar we heýkeller görkezildi. Bu baýramçylyk dabaralary halkymyzyň türkmen alabaýyna bolan uly hormatyny we milli mirasymyzy beýan edýän döredijilik işleri bilen baýlaşdy.
 

Aziza Rozmetowa
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 2-nji ýyl talyby.

Salgy : https://ahal.info

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji
jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09