Dünýädäki hemme zat hakynda 10 sany gyzykly fakt

1.Amerikaly matematik Jorj Dansig, bir gezek, entek uniwersitetde aspirant döwründe  sapaga  gijä  galyp  gelýär  we  tagtada ýazylan deňlemeleri öý işi hökmünde kabul edýär. Deňlemeler oňa adatdakysyndan kynyrak görünýär, ýöne birnäçe günden soň ol ony çözýär. Netijede ol, köp alymlaryň çözüp bilmedik, statistikada çözmesi kyn bolan “çözülmeýän” iki sany meselesiniň jogabyny tapypdyr.
2.Diňe rus we öňki käbir sowet respublikalarynyň dillerinde @ belgisine “ itjagaz” diýilýär. Beýleki dillerde @ köplenç maýmynjyk ýa-da balykgulak diýip atlandyrylýar. Şeýle hem bu belginiň başga-da adaty däl, täsin atlandyrylyşy duş gelýär: ştrudel (iwrit dilinde), marinada ýatyrylan takgaz balygy (çeh we slowak dillerinde),  aý gulagy (gazak dilinde).
3.Çaý haltasy, 1904-nji ýylda  amerikaly Tomas Salliwan tarapyndan tötänleýin oýlanyp tapylýar. Ol müşderilere çaýy adaty demir gutularda däl-de, eýsem ýüpek haltajyklarda ibermek kararyna gelýär. Emma müşderiler özlerine täze usul teklip etdilermikä diýen netijä gelip, çaýy göni şol haltajyklarda demlediler, we bu usuly örän amatly gördüler.
4.Iňlisler “Я люблю вас” diýen  çylşyrymly jümläni üstünlikli özleşdirmek üçin, “Yellow-blue bus” diýen mnemonikany ulanýarlar.
5.Giňden ýaýran pikire görä, kenguru we düýeguş emu yza ýöräp bilmeýärler. Şol sebäpli hem bu haýwanlar ösüşiň nyşany hökmünde Awstraliýanyň tugrasynda şekillendirilen.
6.Kömür ýüklenen 15 sany wagony, 500 sahypalyk ýönekeý kitabyň üstüne goýsaňyz hem ony mynjyratmak mümkin däl.
7.Irden ukudan oýanmaga kofeden, alma has gowy kömek edýär.
8.Elizabet Teýloryň bakyşynyň täsirliligi diňe bir tebigy özüne çekijiligi bilen däl, eýsem seýrek duş gelýän genetiki mutasiýa (aktrisanyň kirpikleri iki hatardy) bilen düşündirilýär.
9.“Ýel bilen äkidilenler” eseriniň asyl nusgasynyň ady – “Be-be gara guzujyk” diýip atlandyrylýar.
10.Sportuň şeýle bir görnüşi bar: şahboks – küşt bilen boksuň utgaşmasy.

Aýlar Begjikowa
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk 
mekdebiniň rus dili we edebiýaty mugallymy

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji
jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09