Maddy we ruhy medeniýet
Medeniýet diýip, giň manyda adamyň we jemgyýetiň maddy hem-de ruhy gymmatlyklary döretmäge gönükdirilen özgerdiji häsiýetdäki işlerine we onuň netijelerine aýdylýar. Şeýle manydaky medeniýet – munuň özi tebigat tarapyndan
däl-de, hut adamyň hem-de jemgyýetiň döredýän maddy we ruhy häsiýetdäki gymmatlyklardyr. Dar manyda medeniýet diýlip, sungata, ýagny sungat eserleriniň döredilmegine, ýaýradylmagyna we saklanylmagyna hem düşünilýär. Şunda sazandalaryň, aýdymçylaryň, ýazyjy-şahyrlaryň, artistleriň, suratkeşleriň,
heýkeltaraşlaryň edýän işleri; sergileri guramak, sahna eserlerini goýmak; muzeý hem-de kitaphana işleri we başgalar göz öňünde janlanýar. Şu manyda medeniýet diýlip, zähmet medeniýetine, özüňi alyp barmagyň medeniýetine, sözleýiş medeniýetine hem düşünilýär ýa-da bolmasa, käbir döwürlere at berlende-de (mysal üçin, marguş medeniýeti, parfiýa medeniýeti, seljuklar döwrüniň medeniýeti we ş.m.) köplenç medeniýet sözi ulanylýar. Bu düşündirişleriň ählisi maddy zatlara-da (suratlar, heýkeller, binalar, kitaplar, enjamlar), ruhy önümlere-de (däp-dessurlar, dini ynançlar, ideýalar, nazaryýetler, göz öňüne getirmeler) degişlidir. Netijede, adamlar tarapyndan döredilen maddy hem-de ruhy gymmatlyklar, degişlilikde maddy we ruhy medeniýet diýlip atlandyrylýar. Maddy hem-de ruhy medeniýet biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykda ösýär, sebäbi olaryň ikisi-de adamyň fiziki güýjüniň, endikleriniň, başarnyklarynyň we onuň içki
hyýaly dünýäsiniň bir ýere jemlenmeginiň esasynda kemala gelýär.
Maddy medeniýet. Maddy medeniýet diýlip, adatça emeli usulda ýasalan zatlara düşünilýar. Maddy medeniýetiň önümleri adamlara tebigatyň hem-de jemgyýetçilik durmuşynyň şertlerine uýgunlaşmaga we has oňaýly ýaşamaga mümkinçilik berýär. Şeýle görnüşdäki önümler adamyň dürli görnüşdäki isleglerini kanagatlandyrmak üçin döredilýär we şol sebäpden hem olara gymmatlyk hökmünde baha berilýär. Ol ýa-da beýleki halkyň maddy medeniýeti hakynda gürrüň edilende, adatça egin-eşik, ýaraglar, öý goşlary, azyk harytlary, şaý-sepler, binalar ýaly anyk zatlar göz öňünde tutulýar. Häzirkizaman ylmy maddy medeniýetiň döreden şeýle zatlaryny öwrenmek arkaly ýazuw ýadygärliklerinde maglumatlaryň saklanyp galmandygyna garamazdan, baryp gadym zamanlarda ýitip giden halklaryň hem durmuşynyň mysaly keşbini dikeldip bilýär. Maddy medeniýet has giňişleýin öwrenilende, onda üç sany esasy başlangyçdan – düzüm böleklerinden durýandygyny görmek bolýar. Olaryň birinjisi zatlar dünýäsi bolup, oňa ýollar, binalar, aragatnaşyk ulgamlary, enjamlar, abzallar, sungat eserleri we ýaşaýyş-durmuşda gündelik ulanylýan zatlar degişlidir. Medeniýetiň ösüşi ulanylýan zatlaryň sanynyň artmagynda we olary ýasamagyň çylşyrymlaşmagynda has aýdyň ýüze çykýar. Häzirki zaman adamlarynyň durmuşyny çylşyrymly emeli enjamlary – kompýuterleri, telewizorlary, ykjam telefonlary we başgalary ulanmazdan, göz öňüne getirmek kyndyr. Sebäbi olar häzirkizaman maglumatlar medeniýetiniň esasyny düzýärler. Tehnologiýalar zatlar dünýäsiniň önümlerini
ýasamagyň we ulanmagyň esasy serişdesidir. Tehnologiýalar maddy medeniýete degişlidir, sebäbi olar iş ýüzünde anyk amal edilen usuldyr. Tehniki medeniýet hem maddy medeniýetiň möhüm ugrudyr, sebäbi ol adamyň anyk endiklerini, başarnyklaryny we ukyplaryny özünde jemleýändir. Medeniýet bilim bilen bir hatarda şol endikleri we başarnyklary özünde saklap, nesilden-nesle geçirýär. Emma bilimden tapawutlylykda, endikler we başarnyklar iş tejribesiniň, adatça şahsy göreldäniň esasynda kemala gelýär. Medeniýetiň ösüşiniň her bir tapgyrynda tehnologiýanyň çylşyrymlaşmagy bilen endikler hem çylşyrymlaşýar.
Ruhy medeniýet. Maddy medeniýetden tapawutlylykda, ruhy medeniýet maddy zatlary aňlatmaýar. Onuň hereket edýän giňişligi aň, duýgy we joşgun, ýagny ruhy hereket bilen baglanyşyklydyr. Medeniýetiň ruhy görnüşdäki ýaşaýşy aýry-aýry adamlaryň pikirine bagly däldir. Ruhy medeniýet – munuň özi ylmy bilimlerdir, ahlagyň, hukugyň we başgalaryň durnukly kadalarydyr. Kähalatlarda medeniýetiň bu pudagyna bilim ulgamyny we köpçülikleýin habar beriş serişdelerini hem goşýarlar. Ruhy medeniýet integrirleýji, ýagny bitewileşdiriji häsiýete eýe bolmak bilen, jemgyýetçilik we şahsy aňynyň dürli görnüşlerini bir bitewi dünýägaraýşa hem öwürýär. Adamzat durmuşynyň başky basgançaklarynda jemgyýetiň ugrukdyryjy hem-de bitewileşdiriji güýjüniň ornuny gadymy rowaýatlar tutupdyr.
Häzirki döwürde olaryň ornuny din, filosofiýa we belli bir derejede sungat eýeledi. Şunuň bilen baglanyşykda, aýratyn adamyň medeniýeti hakynda-da aýdyp bolar. Sebäbi her bir adam özünde bilimleriň belli bir mukdaryny, ahlak ýörelgelerini, dini ynanjy, özüňi alyp barmagyň medeniýetini we başgalary jemlemäge ukyply bolýar. Bilimler, gymmatlyklar we taslamalar ruhy medeniýetiň görnüşleridir. Bilim adamyň akyl ýetiriş işiniň netijesidir we özüni gurşap alan dünýä barada alan maglumatlarydyr, onuň durmuş hakyndaky garaýyşlarydyr. Şonuň üçin, her bir adamyň ýa-da tutuş jemgyýetiň medeniýetiniň derejesi toplanan bilimiň mukdary hem-de çuňlugy bilen kesgitlenilýär. Diýmek, her bir adam ýa-da jemgyýet näderejede ylymly-bilimli we sowatly bolsa, onda onuň medeniýeti şonça-da ýokary derejede ösen hasap edilýär. Gymmatlyklar – munuň özi adam isleglerini kanagatlandyrýan maddy zatlar hem-de ruhy önümler bolup, olar adamyň we jemgyýetiň ýetmäge çalyşýan arzyly maksadydyr. Taslamalar barada aýdylanda, olar adamyň geljekki hereketleriniň meýilnamasydyr. Olaryň işlenilip düzülmegi adamyň zanny, onuň özüni gurşap alan daşarky dünýäni gözelleşdirmäge gönükdirilen akylly-başly hereketi bilen baglanyşyklydyr. Bu işi bolsa öňünden işlenilip düzülen taslama bolmazdan, amala aşyrmak mümkin däldir. Taslama
ilki aň eleginden geçirilýär, ýagny taslama görnüşinde döredilýär, soňra bolsa iş ýüzünde durmuşa geçirilýär. Bilimler, gymmatlyklar we taslamalar ruhy medeniýetiň binýady bolmak bilen, olar ruhy önümleri öndürmäge niýetlenilen ruhy işi hem özüne birleşdirýär. Ruhy önümler hem edil maddy önümler ýaly, adamlaryň kesgitli isleglerini kanagatlandyrmak üçin döredilýär. Munuň üçin adam daşky dünýä, jemgyýet we özi hakyndaky bilimleri ele alýar, şunuň esasynda bolsa jemgyýet tarapyndan oňlanylýan ruhy gymmatlyklar döredilýär. Ruhy medeniýetiň häzirki zamanda ýaşaýan görnüşleri bolan ahlak, syýasat, hukuk, sungat, din, ylym, filosofiýa şeýdip kemala gelipdir. Netijede, ruhy medeniýet köp gatlakly gymmatlyk bolup galýar.
Bekmyrat Tagangulyýew,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk
mekdebiniň mugallymy.