SANLY YKDYSADYÝET — DÖWREBAP ÖSÜŞIŇ BINÝADY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlary, öňdebaryjy halkara tejribeleri hem-de döwrebap tehnologiýalar giňden ornaşdyrylyp, ýokary ykdysady netijeler gazanylýar.
Sanly ykdysadyýetiň işjeň ösdürilmegi, sanly tehnologiýalaryň ykdysady işe ýokary derejede aralaşmagy hem-de bäsdeşlik artykmaçlygyny üpjün etmek bilen, dünýäniň bazar giňişliginde ýurduň eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga ýardam berýär. Ykdysady we durmuş gatnaşyklarynyň täze ulgamynyň depginli ösmegi dünýä senagat önümçiliginde bolup geçen özgerişliklerden oňyn netije çykarmaga mümkinçilik berýär. Şu nukdaýnazardan, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny sanly esasda ösdürmek boýunça Türkmenistanda badalga berlen işler giň gerimde alnyp barylýar.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» halkara ülňülere laýyk gelýän döwrebap maglumat aragatnaşyk tehnologiýalaryna esaslanýan sanly ykdysadyýeti yzygiderli ornaşdyrmagyň hasabyna milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça giň gerimli çäreler göz öňünde tutulandyr. Bu Konsepsiýada ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak we ony ösdürmek bilen bagly wezipeler tapgyrlara bölünip kesgitlenendir.
Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň ähli pudaklaryny ösdürmek boýunça geçirýän iş maslahatlarynda milli ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmak boýunça anyk wezipeleri orta goýýar. Hormatly Prezidentimiziň tassyklan «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, ähli pudaklarda sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmak arkaly ýokary tehnologiýaly we bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek bellenildi.
Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ygtyýarly edara bolan «Türkmenaragatnaşyk» agentligi ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, edaralar, kärhanalar, guramalar hem-de hususy telekeçiler tarapyndan sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak boýunça geçiriljek işleri utgaşdyrmak bilen, gözegçiligi amala aşyrar. Şeýle hem ylmyň we tehnologiýanyň soňky gazananlaryna, öňdebaryjy halkara tejribelere esaslanyp, ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň, şol sanda edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň ýeke-täk sanly ulgama birikdirilmegini hem-de sazlaşykly işledilmegini üpjün etmek hem  sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ygtyýarly edaranyň esasy wezipeleriniň hatarynda bellenilýär.
Ähli ugurlarda sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy ilatyň häzirki zaman tehnologiýalaryndan netijeli peýdalanyp, zähmet öndürijiligini artdyrmaga-da ýardam berer. Adam hakynda irginsiz aladalar edýän, onuň parahat we döwrebap ýaşaýşy üçin belent maksatlar esasynda netijeli işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Serwi GUWANJOWA, 
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 1-nji ýyl talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji
jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09