Emeli aň boýunça webinar: Türkmenistanyň bilim ulgamynda täze tehnologiýalary ornaşdyrylýar
2024-nji ýylyň 25-nji noýabryndan 5-nji dekabry aralygynda, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň gurnamagynda Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen "Akylly hyzmat" hojalyk jemgyýetiniň bilelikdäki “Emeli aňy bilim ulgamynda netijeli peýdalanmak” atly 12 sagatlyk onlaýn webinar geçirildi. Bu innowasion çäre iki hepdäniň dowamynda ýurdymyzyň 160-dan gowrak orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlaryny, hünärmenlerini we ýolbaşçylaryny bir ýere jemledi.
Webinaryň esasy maksady bilim ulgamyna emeli aňy ornaşdyrmagyň täze tehnologiýalary we usullary bilen tanyşdyrmakdan ybarat boldy. Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy Maksat Gurbansähedow we “Akylly hyzmat” hojalyk jemgyýetiniň wekililleri Begenç Çaryýewiň hem-de Seýdi Çaryýewiň ýolbaşçylygyndaky okuw sapaklarynda halkara tejribeler we öňdebaryjy çözgütler görkezildyrmakdi. Gatnaşyjylara okuw işini sanlylaş, mugallymlara goldaw bermek hem-de talyplaryň ukyplaryny seljermek boýunça emeli aňyň mümkinçilikleri düşündirildi. Şeýle hem, emeli aňy ulanmagyň hukuk esaslary we onuň standart ülňüleri düşündirildi.
Webinarda öňdebaryjy emeli aň platformalary boýunça halkara tejribe, maglumat toplamak, analiz etmek we çözgüt çykarmak üçin emeli aňy peýdalanmagyň usullary görkezildi. Mundan başga-da, emeli aň boýunça tejribesi bolan mugallymlaryň çykyşlary we soraglary ara alnyp maslahatlaşyldy. Gatnaşyjylar webinara ýokary işjeňlik bilen gatnaşyp, özlerini gyzyklandyrýan soraglara jogap tapdylar.
Webinaryň dowamynda gazanylan tejribeler we öwrenilen tehnologiýalar, mugallymlaryň bilim bermekde ukyplaryny ýokarlandyrmak hem-de okuwyň hilini ýokarlandyrmak, bilim edarasynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça uly ähmiýete eýe boldy. Gatnaşyjylar şeýle çäreleriň yzygiderli geçirilmeginiň bilim ulgamyna oňyn täsir ýetirmegini we täzeçil çözgütleriň önümçiligini artdyrmagyny nygtadylar.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Salgy : https://education.gov.tm