Ýürek buýsanjy

Ýürek buýsanjy

— «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly meniň durmuşymda ýatdan çykmajak pursatlara baý ýyl boldy. Ajaýyp zamanada halal, ýadawsyz çeken zähmetiňe ýokary baha berilýär. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda men «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglandym. Munuň üçin begenjimiň, buýsanjymyň çägi ýok. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ulgamlary ösdürmek, ýokary taýýarlykly hünärmenleri ýetişdirmek ugrunda amala aşyrylýan beýik işler bagtyýar halkymyzy guwandyrýar. Bize ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmäge, hünärimizi kämilleşdirmäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Maýsagözel AMANGELDIÝEWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy

Paýlaş


Beýleki täzelikler

Gyz edebi

18/02/2026

Gyz edebi

Halkymyz gyz çagasyny aýratyn mähir bilen gurşap alýar. Olary ähli taraplaýyn gorap saklaýar. Ene-ma...

WATAN MUKADDESLIGI

16/02/2026

WATAN MUKADDESLIGI

Biziň ähli barlygymyz, hanymanymyz «Watan» diýen sözde jemlenýär. Ynsan üçin dogup-dörän ýerinden — ...

Ders bäsleşigi

18/01/2026

Ders bäsleşigi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygyn...

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09