Bilim ulgamynda innowasion tehnologiýalarynyň festiwaly

Bilim ulgamynda innowasion tehnologiýalarynyň festiwaly

2024-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň gurnamagynda Bilim ulgamynda innowasion tehnologiýalarynyň festiwaly geçirildi. Festiwalyň çäginde ýurdumyzyň bilim ulgamynyň hünärmenleriniň, mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda “Bilim ulgamynda innowasiýalar” atly ylmy-amaly maslahat hem öz işini dowam etdi. Bilim ulgamynda innowasion tehnologiýalarynyň festiwalyny geçirmegiň esasy maksatlary;
    - bilim ulgamynda sanly tehnologiýalar bilen bagly gazanylan sepgitleri şöhlelendirmek,
   - maglumat tehnologiýalary we kiberhowpsuzlyk bilen bagly mugallymlaryň we hünärmenleriň ylmy we taslama işlerine höweslerini artdyrmak,
  - bilim ulgamyny sanlylaşdyrmak boýunça tejribeleri alyşmak we bilim işinde täze tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden peýdalanmak boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşmak.

Bilim ulgamynda innowasion tehnologiýalarynyň festiwalynyň çäginde Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan yglan edilen Elektron okuw toplumlarynyň bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy hem geçirildi.

Bäsleşigiň ýeňijileri

Gurbanow Gojuk Çaryýewiç, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kliniki-ordinatory – 1orun

Muhammedow Didar Kerimgulyýewiç, Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy – 1orun

Ýusubow Döwletgeldi Durdyýewiç, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň uly mugallymy – 2 orun

Maşaýewa Suraý Hojamgulyýewna, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy – 2 orun

Gylyjow Nurýagdy Garýagdyýewiç, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň öwreniji- mugallymy – 3 orun

Yhtyýarow Diýar Yhtyýarowiç, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň öwreniji-mugallymy – 3 orun

Öwezgeldiýewa Ejegül Muhammetjumaýewna, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň uly mugallymy.

Şeýle hem festiwalyň çäginde ýurdumyzyň bilim ulgamynda sanly bilimi ösdürmekde goşan goşantlary üçin ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlary, hünärmenleri we talyplary Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Hormat haty we sowgatlar bilen sylaglanyldy. 

Paýlaş


Beýleki täzelikler

Gyz edebi

18/02/2026

Gyz edebi

Halkymyz gyz çagasyny aýratyn mähir bilen gurşap alýar. Olary ähli taraplaýyn gorap saklaýar. Ene-ma...

WATAN MUKADDESLIGI

16/02/2026

WATAN MUKADDESLIGI

Biziň ähli barlygymyz, hanymanymyz «Watan» diýen sözde jemlenýär. Ynsan üçin dogup-dörän ýerinden — ...

Ders bäsleşigi

18/01/2026

Ders bäsleşigi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygyn...

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09