SANLY BILIM — TÄZE YLYM

Soňky ýyllarda türkmen jemgyýetinde ylym, bilim, hünär, terbiýe meselelerine bolan talaplar milli Liderimiziň döwlet Baştutanlygynda täze mazmuna eýe boldy. Hormatly Prezidentimiz bu barada: «Häzirki zaman jemgyýetinde hakyky gymmatlyklarynyň baýlyklarda däl-de, eýsem, adamlardadygyny, olaryň bilimindedigini, hünär derejesindedigini we zähmetiniň netijesindedigini görkezýär» diýip belleýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, maglumat tehnologik ösüşlerden gowy baş çykarýan ýokary bilimli, beden we ruhy taýdan sagdyn, watansöýüji, arassa ahlakly hünärmenleri taýýarlamakda uly aladalar edýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bilim edaralarynda ýaşlara ýokary hilli bilim bermek üçin döwrebap innowasion okuw serişdeleri bilen enjamlaşdyrmak, innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly sapaklary interaktiw usulda geçirmek mümkinçiligini döredýär. Munuň özi okuw işlerine ýurdumyzyň hem-de dünýä ylmynyň iň soňky gazananlaryny, maglumat tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmaga, ylmy-barlag işini işjeňleşdirmäge mümkinçilik berer.
Gündelik işe öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýär. Mugallymlara we talyplara düýpli barlaglary, içgin ylym synaglary geçirmäge has giň mümkinçilikler döredilýär. Bilşimiz ýaly, şu günki durmuşymyzy innowasion tehnologiýasyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Sanly bilimi ösdürmek talyplara has çuňňur bilimlerini ýokarlandyrmak, täze okuw endiklerini we innowasion enjamlary öwretmek, talybyň bilim derejesini, okuwa höwesini artdyrmaga uly ýardam berýär.
Häzirki wagtda ähli bilim ojaklarynda okuw mekdepleriniň arasynda uzak aralykda sapaklar, wideoşekilli maslahatlar, dersler boýunça döwrebap elektron toplumlary, elektron okuw kitaplary, okuw görkezme esbaplary, okuw sapaklaryna degişli wideo şekilli görnüşler döredip talyplara ýetirmek işi dowam edýär. Okuw mekdebimiziň ýaş mugallymlary we talyp ýaşlary ýaş alymlaryň arasynda ylmy işler boýunça yzygiderli bäsleşikler ýygy-ýygydan geçirilýär. Munuň özi ýokary bilim ulgamynda ylmyň sanly tehnologiýa esasynda alnyp barylýan işleriň aýdyň netijesidir.
Hormatly Prezidentimiziň başda durmagy bilen bilim ulgamyndaky özgertmeler has-da kuwwatlanyp, mugallymçylyk işine talyplaryň, geljekki ýaş hünärmenleriň taýýarlanmagy bilen baglanyşykly öňde durýan wezipeler täze mazmuna eýe bolýar. Jemgyýetimizde kämil bilimli, hünärli talyp ýaşlary ýetişdirmek meselesini üstünlikli amal etmek hem bilim işgärleriň mukaddes borjy bolup durýar. Şeýle wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagynyň sakasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber aladalary durýar.
Häzirki wagtda Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyz dünýäniň bilim giňişliginde we halkara gatnaşyklarynda örän möhüm orun eýeleýär. Degişli ugurda «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, dünýä dillerini bilýän ýaşlar we ussat halkaraçylar ýetişdirilýär. Munuň özi döwletimiziň abraýly halkara guramalar bilen köpugurly hyzmatdaşlygynyň, dünýäniň ösen döwletleri bilen syýasy, söwda-ykdysady we medeni taýdan gatnaşyklarynyň ösdürilmegine saldamly goşant goşýan başarjaň türkmen ýaşlarynyň täze nesliniň kemala gelýändigine doly güwä geçýär.
Baky Bitarap Watanymyzda ýaşlaryň kämil bilim almagy, ösen tehnologiýa enjamlaryndan dogry we dürs baş çykaryp, bilim bermäge döredýän mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Şadurdy BEGMEDOW,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji
jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09