Iňlis dilini öwretmekde tejribeleri artdyryp

Golaýda Daşkentdäki Özbegistanyň Döwlet dünýä dilleri uniwersitetinde «Merkezi Aziýada iňlis dilini öwretmegi işjeňleşdirmek» ady bilen geçirilen halkara okuw maslahatyna Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri, iňlis dilini okatmak boýunça hünärmenler gatnaşdylar. Britan geňeşi tarapyndan guralan çärä Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň ylmy işgärlerinden we mugallymlaryndan ybarat türkmen wekiliýeti hem işjeň gatnaşdy.

Okuw maslahatynda iňlis dili mugallymlaryny taýýarlamak boýunça «PRESETT» maksatnamasynyň çäginde mugallymlaryň hünärini üznüksiz kämilleşdirmek işine we refleksiw tejribäniň ähmiýetine aýratyn üns berildi. Oňa gatnaşyjylar döwlet bilim edaralarynda iňlis dilini okatmak işini döwrebaplaşdyrmagyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda mugallymçylyk hünärini ele alýan talyplara diňe bir nazary bilimleri öwretmän, eýsem, olarda amaly endikleri kemala getirmegiň, okuw maksatnamalaryny halkara ülňülere laýyklykda kämilleşdirmegiň zerurdygy aýratyn nygtaldy. Şeýle-de okuwyň başlangyç hem-de tamamlanýan tapgyrlarynda talyplaryň dil başarjaňlygyna baha bermegiň anyk ölçegleriniň işlenip taýýarlanylmagynyň möhümdigi baradaky pikirler beýan edildi.

Mälim bolşy ýaly, iňlis dili Ýer ýüzüniň ähli adamlaryny birleşdirýän umumy halkara dil hasaplanýar. Ol bilimiň ähli ulgamlarynda, şol sanda işewürlikde işjeň ulanylyp, öwrenilýän hünärlerdir ugurlaryň hemmesine öz täsirini ýetirýär. Häzirki wagtda dünýäniň 100 töweregi ýurdunda bu dilde gürleşýän adamlaryň sany 1,5 milliarddan geçýär. Ýene 2 milliard adam bolsa ony öwrenýär. Şoňa görä, Zeminiň haýsy künjegine barsaň-da, iňlis dilini bilmek we onda aragatnaşyk edip bilmek zähmet bazarynda täze mümkinçilikleri açýar. Türkmen hünärmenleriniň Daşkentde geçirilen halkara okuw maslahatyna gatnaşmaklary hem ýurdumyzda iňlis dilini okatmagyň hilini ýokarlandyrmaga goşant goşmakda, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tejribelerini öwrenmekde nobatdaky ädimleriň biri boldy.


Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji
jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09