BILIM BERMEGIŇ HÄZIRKI ZAMAN USULLARY

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan işlenip düzülen we tassyklanan Milli maksatnamalaryň çäginde giň gerimli geçirilýän durmuş-ykdysady özgertmeler halkymyzyň bagtyýarlyk döwrüne bolan buýsanjyny artdyrdy, ynamyny, agzybirligini has-da pugtalandyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň bilim, ylym ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we ony has-da kämilleşdirmek boýunça amala aşyrýan giň möçberli özgertmeleriniň çäginde ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek işine aýratyn ähmiýet berilýär.
Bu ugurda gysga wagtyň içinde düýpli işleriň geçirilmegi bilim ulgamynyň işgärlerini has-da buýsandyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek we ösdürmek döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şoňa laýyklykda milli ýörelgeler esasynda okuw maksatnamalarynyň, kitaplaryň hem-de gollanmalaryň mazmuny we ylmy-usulyýet ugurlary kämilleşdirilýär, sanly bilim ulgamy ösdürilýär. Şeýle-de tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin bilim hem-de terbiýeçilik işlerine okatmagyň öňdebaryjy usullary, ylmyň gazananlary, innowasion tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar.
Eziz Diýarymyzy çalt depginde ösdürmek, ykdysady taýdan has-da kuwwatlandyrmak boýunça beýik işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň durnukly ösmeginde, ykdysady kuwwatynyň yzygiderli berkemeginde ylym-bilim ulgamyna möhüm orun degişlidir. Häzirki döwürde sanly tehnologiýalaryň esasynda iri ylmybarlag taslamalary durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň bilim babatda kuwwatyny artdyrmak we onuň mümkinçiliklerini ähli ulgamlarda häzirki zaman sanly ykdysadyýetiň talaplaryna laýyk derejede alyp barmak esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Ýurdumyzda “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy”, “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy” hereket edýär. Olar sanly ykdysadyýet bilen sanly bilim ulgamyny sazlaşykly ösdürmäge giň mümkinçilik döredýär.
Häzirki zaman sanly tehnologiýalaryň bilim ulgamyna giňden ornaşdyrylmagy arkaly ulgamyň mümkinçiligi has-da ýokarlanýar. Okadylýan dersler boýunça berilýän maglumatlar öňdebaryjy usullar bilen yzygiderli baýlaşdyrylýar. Munuň özi okatmagyň innowasion usullaryny giňden peýdalanmaga, berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmaga şert döredýär. Şonuň bilen baglylykda, “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda” zehinli we ylmy barlaglar bilen meşgullanýan ýaşlary goldamak we höweslendirmek, olaryň innowasion tehnologiýalary özleşdirmeklerini we dil sowatlylygyny ýokarlandyrmak wezipeleri göz öňünde tutulýar. Şol wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine ýokary okuw mekdebimiziň professor-mugallymlarynyň, talyp ýaşlarynyň hyzmatdaş döwletleriň ýokary okuw mekdeplerinden maglumat alyş-çalşygyny guramaklary hem-de uzak aralykdan geçilýän okuwlara, ylmy-usuly maslahatlara gatnaşmaklary aýdyň mysal bolup biler.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlarymyz diňe bir Türkmenistan döwletimizde däl, eýsem, daşary ýurtlaryň okuw mekdeplerinde hem okap, bilim alyp, eziz Watanymyza gerekli hünärmenler bolup ýetişýärler. Bilim bagtyň binýadydyr. Bilimli adam hemişe dürs hereket edip, islendik kynçylykdan dogry netije çykarmagy başarýar. Bilimiň nur saçýan ýerinde garaňkylyk bolmaýar. Bilim, öçmeýän şamçyrag ýaly ýagtylygy bilen özüniň bar ýerinde täze ösüşleri kemala getirýär.
2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda döwrebap bilim-terbiýeli, ösen aň-düşünjeli, ukyp-başarnykly ýaşlary kemala getirmek, sanly bilim ulgamyny kämilleşdirmek we durmuşymyza giňden ornaşdyrmak üçin ähli şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin! 
Şadurdy BEGMEDOW,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji
jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09