“Arkadag Serdarly bilimli ýaşlar” atly zehin bäşleşigi

Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebi bilen Daşoguz welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikde guramagyndaky Daşoguz welaýatynyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň mekdebi tamamlaýan okuwçylarynyň arasynda  “Arkadag Serdarly bilimli ýaşlar” atly zehin bäşleşigini geçirmegiň

D Ü Z G Ü N N A M A S Y

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ylmyň gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmak babatda çynlakaý alada edip, ýaşlary kämil ylmyň we bilimiň ak ýoluna atarýar. Ýaşlaryň beýik döwrümiziň ruhuna kybap ösüp kemala gelmegi, isleg bildirýän  hünärlerini öwrenip, mynasyp käre eýe bolmaklary we zähmetde, döredijilikde, ylymda öz ukyp-başarnygyny synap görmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär.
Hormatly Prezidentimiziň ýaşlar barada edýän bimöçber aladalaryna jogap edip, ýaşlara bildirýän uly ynamyny ödemek üçin Arkadagly Serdarymyzyň çuň manyly her bir sözünden, belent nusgalyk şahsy göreldesinden ugur alyp, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” öňde goýlan ägirt uly wezipeleri durmuşa geçirmekde, ýaşlary döwrebap terbiýelemekde, olaryň aýratyn zehinlerini ýüze çykarmakda “Arkadag Serdarly bilimli ýaşlar” atly geçiriljek zehin bäşleşigi bu maksatlara ýetmekde möhüm ädimleriň biri bolar.

I. UMUMY DÜZGÜNLER
Şu düzgünnama Türkmenistanyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň mekdebi tamamlaýan okuwçylarynyň arasynda “Türkmen dili”, “Matematika”, “Türkmenistanyň taryhy” , “Iňlis dili” we “Rus dili” dersleri boýunça zehin bäsleşigini guramagyň we geçirmegiň kadalaşdyryjy resminamasy bolup, ony geçirmegiň tertibini kesgitleýär.
Ders bäsleşigini geçirmegiň maksady Türkmenistanyň bilim ulgamynyň dünýäniň ylym-bilim giňişligine sazlaşykly aralaşýan döwründe Garaşsyz Watanymyza, mähriban halkymyza, Türkmenistanyň Prezidentine wepaly, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ýiti zehinli, ukyply we başarjaň ýaşlary ýüze çykarmakdan ybaratdyr.
Ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň arasynda ders bäsleşigini geçirmeklik ýaşlaryň bilimlerini artdyrmagyň häzirki zaman döwrebap usullary arkaly olaryň başarnyklary we endikleri açylyp görkeziler.
Ders bäsleşiginiň geçirilmegi häzirki döwürde ukyply ýaşlary ýetişdirmäge, barha ösýän jemgyýetde başarjaň, bilimli, döredijilikli, zehinli şahsyýetleri kemala getirmäge, zehinli ýaşlaryň bilimlerini has-da artdyrmaga, orta mekdepler bilen orta hünär okuw mekdepleriň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de mekdep okuwçylaryny hünäre ugrukdyrmaga itergi berer.

II. DERS BÄSLEŞIGINIŇ ESASY WEZIPELERI
1.Zehinli we ukyply ýaşlary ýüze çykarmak hem-de höweslendirmek;
2.Bilim bermegiň hil derejesini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda ders bäsleşigine gatnaşýan okuwçylaryň ýokary derejede taýýarlygyny gazanmak;
3.Mekdep okuwçylarynyň intellektual ösüşi bilen bagly hünär saýlamaklaryna oňyn şertleri döretmek.

III. BÄSLEŞIGIŇ GURAMAÇYLYK ÜPJÜNÇILIGI
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebi bilen Daşoguz welaýat baş bilim müdirliginiň bilelikde guramagyndaky bäsleşigi geçirmek boýunça bäsleşigiň geçirilýän ýerinde guramaçylyk iş topary döredilýär. 
Mugallymçylyk mekdebinde döredilen guramaçylyk iş topary bäsleşigiň düzgünnama laýyklykda geçirilmegini gazanmak üçin degişli çäreleri geçirmeli.

IV. BÄSLEŞIGIŇ GEÇIRILIŞINIŇ TERTIBI
1. Bäsleşige Daşoguz welaýatynyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň mekdebi tamamlaýan okuwçylary gatnaşýar; 
2. Bäsleşik
1. Türkmen dili; 
2. Matematika; 
3. Türkmenistanyň taryhy; 
4. Iňlis dili; 
5. Rus dili derslerinden geçirilýär.
3. Bäsleşik III tapgyrda geçirilýär:

  • I tapgyr umumy bilim berýän orta mekdepleriň özünde geçirilýär we bu tapgyrda mekdep boýunça jemi 1 sany zehinli okuwçy saýlanyp alynýar. Saýlanan zehinli okuwçylar 2-nji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazanýar.
  • II tapgyr şäher we etrap merkezlerinde kesgitlenen mekdeplerde geçirilýär. 
1. Daşoguz welaýat Baş bilim müdirligi Daşoguz şäherinde bäsleşigiň 2-nji tapgyrynyň geçiriljek ýerini, wagtyny kesgitleýär we guraýar. 
2. Etrap bilim bölümleri etrap merkezlerinde bäsleşigiň 2-nji tapgyrynyň geçiriljek ýerini, wagtyny kesgitleýär we guraýar.
3. Bäsleşigiň 2-nji tapgyryny bellenilen ýerlerde Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň guramaçylyk iş topary geçirýär.

III tapgyr – bäsleşigiň jemleýji tapgyry bolup oňa bäsleşigiň II tapgyrynda ýeňiji bolan her etrapdan we şäherden saýlanan zehinli 10 sany okuwçy gatnaşýar. 

1. Bäsleşigiň 3-nji tapgyry Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň okuw binasynda geçirilýär. 
2. Bäsleşigiň 3-nji tapgyryny Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň guramaçylyk iş topary geçirýär
3. Daşoguz welaýat Baş bilim müdirligi we etrap bilim bölümleri bäsleşigiň III tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan zehinli okuwçylaryň bäsleşige gatnaşmagyny gazanmaly.
4. Daşoguz welaýat Baş bilim müdirligi we etrap bilim bölümleri  okuwçylaryň bäsleşige gatnaşmak bilen baglanşykly köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini dogry berjaý etmeklerine gözegçiligi üpjin etmeli we berkitmeli. 

V. BÄSLEŞIGI GEÇIRMEGIŇ ŞERTLERI
  1. Bäsleşigiň I tapgyry üçin ýumuşlar umumy bilim berýän orta mekdepleriň özünde taýýarlanyp mekdep müdiri tarapyndan tassyklanmaly. Umumy bilim berýän orta mekdepler bu tapgyrda ýeňiji bolan okuwçylar baradaky maglumatlary (sanawyny) etrap bilim bölümlerine, Daşoguz şäherindäki umumy bilim berýän orta mekdepler welaýat Baş bilim müdirligine bermeli. 2025-nji ýylyň aprel aýynyň 12-ne çenli  I tapgyryň netijesi baradaky maglumatlar bäsleşigi gurnaýjy Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebine tabşyrylmaly.
  2. Bäsleşigiň II tapgyry üçin ýumuşlar 100 sany test soragy görnüşinde Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň guramaçylyk iş topary tarapyndan taýýarlanylýar. Ýagny:
1. Türkmen dili – 20 test soragy;
2. Matematika – 20 test soragy;
3. Türkmenistanyň taryhy – 20 test soragy; 
4. Iňlis dili – 20 test soragy; 
5. Rus dili – 20 test soragy taýýarlanar.
3. Bäsleşigiň III tapgyry üçin hem ýumuşlar Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň guramaçylyk iş topary tarapyndan 100 sany sowalnama  görnüşinde ýagny:
1. Türkmen dili – 20 sowalnama;
2. Matematika – 20 sowalnama;
3. Türkmenistanyň taryhy – 20 sowalnama; 
4. Iňlis dili – 20 sowalnama; 
5. Rus dili – 20 sowalnama taýýarlanar.
4. Bäsleşik geçirilýän  derslerden ýumuşlary çözmek üçin jemi – 100 minut wagt beriler.
5. Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda ýeňiji bolan zehinli 10 sany okuwçy baýrakly orunlara mynasyp bolýar.

VI. BÄSLEŞIGIŇ GEÇIRILJEK ÝERI WE WAGTY
Bäsleşigiň geçirilýän ýeri we wagty Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň, Daşoguz welaýat Baş bilim müdirliginiň we etrap bilim bölümleriniň özara ylalaşmagy bilen kesgitlenilýar. 

S.Türkmenbaşy etrabynda: 14.04.2025ý güni sagat 13:30-da
Şabat etrabynda: 16.04.2025ý güni sagat 13:30-da
Boldumsaz etrabynda: 18.04.2025ý güni sagat 13:30-da
Ruhubelent etrabynda: 21.04.2025ý güni sagat 13:30-da
Görogly etrabynda: 23.04.2025ý güni sagat 13:30-da
Akdepe etrabynda: 25.04.2025ý güni sagat 13:30-da
Daşoguz şäherinde 28.04.2025ý güni sagat 13:30-da

Bäsleşigiň 3-nji tapgyry Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň okuw binasynda 07.05.2025ý. güni sagat 13:30-da geçirilýär. 

VII.      BÄSLEŞIGIŇ EMINLER WE GÖZEGÇI TOPARY

- Bäsleşigi guramaçylykly geçirmek we jemini jemlemek Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň guramaçylyk iş topary tarapyndan amala aşyrylýar;
- Daşoguz welaýat Baş bilim müdirliginden jogapkärler bäsleşigi guramak we gözegçilik etmek boýunça umumy ýolbaşçylyk edýär;
- Arz-şikaýatlar bilen diňe Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň guramaçylyk iş toparyna ýüz tutulyp bilner;
- Arz-şikaýatlara eminler topary tarapyndan seredilýär we ahyrky netijäni eminler toparynyň başlygy kesgitleýär.

VIII. BÄSLEŞIGIŇ JEMINI JEMLEMEK WE ÝEŇIJILERI SYLAGLAMAK

- Bäsleşigiň netijesi ýumuşlary ýerine ýetirmek arkaly toplanan ballaryň jemi boýunça kesgitlener we gatnaşyjylaryň 20%-ine I, II we III orunlar beriler.
- Bäsleşigiň netijesi beýanlar arkaly resmileşdiriler we eminler toparynyň netijenamasy esasynda gatnaşýan okuwçylaryň ýeňijileri yglan edilip, ýeňijiler barada maglumatlar Mugallymçylyk mekdebiniň web saýtynda ýerleşdiriler we welaýat Baş bilim müdirligine berler;
- Ýeňijilere Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebi tarapyndan degişlilikde I, II we III derejeli diplomlar hem-de sowgatlar gowşurylar

Habarlaşmak üçin  : +993 (322) 9-37-15, +993 (322) 9-39-09

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji
jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09