Durmuşyň, okuwyň we bilimiň gymmatlylygy barada beýik akyldarlaryň aýdan sözleri

1)Çaga – maşgalanyň aýnasydyr; bir damja suwda günüň şöhlelenişi ýaly, enäniň we atanyň ahlak päkligi çagalarda öz beýanyny tapýar.
-W.A. Suhomlinskiý
2)Diňe söýýän zadyňy öwrenip  bolar.
- I. Gýote
3)Akylyňyz goýalyşan ýaşda öwrenmäge, okamaga utanmaň; hiçden giç ýagşy.
-Ezop
4)Hemmelerden öwren, ýöne hiç kime öýkünme.
-M. Gorkiý
5)Tebigat we terbiýe käbir zatlarda meňzeş. Terbiýe adamy üýtgedip, onuň ikinji tebigatyny döredýär.
-Demokrit
6)Başgalara öwredýän wagty, adamyň özi hem öwrenýär.
- Tomas Loj
7)“Şägirt halypadan ozdurmasa, kär ýiter” (türkmen dilindäki ekwiwalent)
- Leonardo da Winçi
8)Näçe ýaşasaň-da, hiç wagt öwrenmekden el çekme!
- Seneka
9)Azajyk zat bilmek üçin, köp zat öwrenmeli.
-Monteskýe
10) Ömrüňizde iki möhüm gün bardyr: dünýä inen günüňiz we näme üçin dünýä inendigiňize düşünen günüňizdir.
 -Mark  Twen
11) Men hiç zat bilmeýändigimi bilýärin, emma beýlekiler muny hem bilenok.
-Sokrat
12) Etjek adam mümkinçilik gözlär, etmejek adam – bahana
-Sokrat
13)Dil – derwezede ýatan ýolbars ýalydyr, sähelçe ýalňyşsaň sen oňa şam bolarsyň! Diliňe eýe çyksaň – başyň hem sag, eger sözüň gysga bolsa, ömrüň hem uzak bolar.
- Ýusup Balasagunly
14)“Ýagşy gylyk duşmanyňy dost eýlär”. (türkmen dilindäki ekwiwalent)
- Abraham Linkoln


Aýlar  Begjikowa,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk
mekdebiniň   rus dili we edebiýaty mugallymy

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz şäheriniň Alp Arslan köçesiniň 20-nji
jaýy

20 Alp Arslan Street, Dashoguz sity
улица Алп Арслан 20, город Дашогуз.

Telefon belgiler:
(322) 9-37-15 / 9-39-09