Türkmenistan- parahatçylygyň, hoşniýetliligiň, durnuklylygyň we ösüşiň Watany
2025-nji ýylyň 2-nji ýanwarynda Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde 2025-nji ýylyň ,,Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly’’ diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaraly çäre geçirildi.Çäräni Mugallymyçylyk mekdebiniň mugallymy Sylap Atabaýew alyp bardy.Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň başlygy Maksat Otuzow, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy Ogulşat Durdymedowa, Daşoguz şäher Halk maslahatynyň agzasy, Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli ýubileý medalynyň eýesi, Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy Maýsagözel Amangeldiýewa, Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy, ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy Güljemal Omarowa dagy çykyş etdiler.
Olar öz çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan 2025-nji ýyly ,,Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly’’ diýlip atlandyrylmagy, munuň özi mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegine,ykdysady kuwwatynyň has-da berkemegine,ýaş nesli watansöýüjülige, hoşniýetlilige, ynsanperwerlige çagyryşdyr.Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň bellenilmeginde çuňňur syýasy many bardyr diýip täsirli gürrüň etdiler.
Dabaranyň dowamynda Mugallymçylyk mekdebiniň talyplary Watanymyzy wasp edýän aýdymlar bilen çykyş etdiler.
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň
mugallymy Bibi Gurbangeldiýewa