Biziň buýsanjymyz
Müňýyllyklaryň dowamynda türkmen halkymyzyň hemrasy bolan ahalteke bedewleri bu gün ýene milletimiziň abraýyny arşa göterip, tugumyzyň al-asmanda parlamagynyň sebäbi boldular. Uzak Monako knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinden gelip gowşan hoş habar her bir türkmenistanlynyň göwün guşuny ganatlandyrdy. 2007-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary täze üstünlige – 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda baş baýraga mynasyp boldy. Bu hoş habar mynasybetli ýurdumyzyň çar künjünde toý-baýramlaryň dabaralanýar, hoşallyk maslahatlary geçirilýär.
Şeýle aýdym-sazly dabaralaryň biri hem biziň Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebimizde “Behişdi bedewler bilen ak ýollara uzaýandyr Watanymyz, bagtyýar eýýamyň üçin alkyş Size, Gahryman Arkadag, Arkadagly Gahryman Serdarymyz” ady bilen geçirildi.
Türkmen edebiýatynda mynasyp orun tutan ahalteke bedewleri dogrusynda mekdebimiziň mugallymdyr talyp ýaşlary täsirli gürrüň etdiler. Dabaranyň ahyrynda türkmen bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan minnetdarlyk sözlerini aýtdylar.
Umyt Baýramalyýewa, B.Seýtäkow adynaky Mugallymçylyk
mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy